Bedew waspy

Bedew waspy

Türkmenlerde Ilki salamy ataňa ber, ataňdan soň atyňa diýilýän ajaýyp nakyl bardyr. Şeýle ýokary derejede sylanýan gözel atlar her bir öýüň bezegi bolup durlar.Atsyz türkmen ýigidini göz öňüne getirip bolmandyr.

Türkmen halkynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatlarynyň akabasy öz gözbaşlaryny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar.Bu sungat wagtyň geçmegi bilen ösüpdir we kämilleşipdir. Ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli uly dabara bilen bellenilip geçilýän giň gerimli çäreler halkymyzyň ahalteke atlarymyza goýýan sarpasynyň bimöçberdigini äşgär edýär.

Türkmen amaly-haşam sungatyň dürli görnüşlerinde hem atlaryň şekili suratlandyrylýar.Türkmen bedewleriniň keşbini zehinli halyçylar öz işlerinde haly önümleriň nagyş taslamasynda beýan edipdirler. ХVIII- ХIХ asyrlarda dokalan halylaryň taslamasynda atlaryň stilleşdirilen şekilleri duş gelýär.

Atyň şekilini türkmen keçelerinde hem görmek bolýar.Atly kompozisiýalar orta asyryň keramika önümlerinde şekillendirilip, gap-gaçlaryň ýüzünde köplenç awçylyk sahnalar, rowaýatlaryň wakalary, gahrymanlary beýan edilipdir.Küýzegärçilikde suratlandyrylýan atlaryň şekilleri esasan hem syrça önümlerinde duş gelýär. Şonuň üçin zergärler ýörite olar üçin şaý-sepleri ýasapdyrlar.

Haçan-da şaý-seplere bezelen türkmen bedewine gözüň düşende, dünýäde ähli gözellikleri jemläp täsinlik aklyňy haýran galdyrýarlar.Türkmen bedewi türkmen halysynyň, sazynyň, medeni mirasynyň mizemez bölegi bolup dünýä bellidir.

Muny her bir baýramçylyklarda, dabaraly aýlawlarda görmek bolýar.Türkmen bedewleriniň owadan keşbini ussat suratkeşleriň eserlerinde millilik mowzugy bilen türkmen bedewini ussatlyk bilen şekillendirip türkmen sungatynda mynasyp orna eýedir.

Her bir türkmen suratkeşi, dik başly ahalteke atlaryny şekillendirmegi özüne borç hasap edipdirler.Suratkeşler bedewleriň keşbini sungatyň ähli ugurlarynda şekillendirmekde atlary diňe çekmeklik bilen çäklenmän, eýsem olaryň ýüz keşplerinde häsiýetini, sypat duýgysyny açyp görkezmekligi ussatlyk bilen görkezmäge çalyşýarlar. Şonuň üçin halkymyz gamyşgulak, behişdi bedewlerimizi hormatlap, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramyny ulydan belläp geçýär.

Bedew hiç haçan hem türkmen durmuşyndan, türkmen pelsepesinden, türkmen aňyýetinden üzňe bolmandyr we häzir hem şu hakykat dolulygy bilen durmuşymyzda aýan bolýar.

Golaýda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşiginiň, Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynyň hem-de Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda Behişdi bedewleriniň güni mynasybetli, halypa hem-de ýaş suratkeşlerimiziň arasynda bäsleşik sergisi geçirildi. Bu sergide görkezilen eserlerde behişdi bedewleriň ýyndamlygy, owadanlygy ýokary ussatlyk bilen wasp edilipdir.

Bu sergide zehinli suratkeşler Öwezow Merdan, Hemraýew Şerip, Baýlyýew Yhtyýar, Nabiýewa Hamida, Jumaýew Salam, Hojamyradow Atajan, Durdyýewa Oguljan ýaly suratkeşleriň döreden eserleri baýrakly orunlara eýe boldy.

Miniatýura sungatynda ajaýyp eserleri döreden suratkeş Merdan Öwezow türkmen bedewleriniň keşplerine uly üns berýär. Ýagny, suratkeşiň döreden Ak arzuwly, ak atym eseri bu döredijilik bäsleşikde birinji orna mynasyp boldy.

Suratkeşiň bu eserinde türkmen bedewine mahsus bolan häsiýetlerini görkezmek bilen ony umumylaşdyryp bir galyba salýar. Şol sebäpden hem, atlaryň hereketleri biri-birine meňzeş bolmasa-da, olaryň umumy keşbi deňdir.

Bedewiň keşbini gurnaýan tekizlikleri has ýiti we agras häsiýetde beýan edýär.Atlaryň keşbini ýurdumyzyň gözel tebigaty bilen baglanyşdyryp olaryň güýjüni, ýörüşiniň badyny, atlaryň gözelligini, olaryň ýyndamlygyny we ýaş nesilleriň atlara bolan söýgüsiniň çäksizdigini görkezýär.

Zehinli suratkeşleriň biri Şerip Hemraýewiň öz döredijiliginde türkmen bedewleriniň keşbini Asman atlary, Aýrylmaz dostlar atly eserinde uludan wasp edýär.Bu eserler suratkeşleriň öz döredijilik ýollarynda-da, umuman nakgaşçylyk sungatynda-da özüniň çeperçilik aýratynlygy bilen pikir mazmunynyň ýitiligi we owadanlygy bilen beýik derejelere ýetirilip iň ajaýyp işleriň biridir.

Bu eserler geljekki nesiller üçin nakgaşçylyk sungatynda bedewi wasp edýän nusgawy eserler bolup saklanar.Dünýä halklarynyň çeper döredijiliginde bedew we adam temasy hemme wagt gyzykly we täsirli bolup durýar. Şu günki ajaýyp günlerde toý-tomaşalaryň bezegine öwrülen bedewlerimize goýulýan gadyr has başgaça.

Türkmen halkynyň bedewlerimize bolan söýgüsi, buýsanjy, hormat sarpasy çäksizdir.

Sergide görkezilen eserler zehinli suratkeşleriň öz döredijilik ýollarynda-da özüniň çeperçilik aýratynlygy, owadanlygy bilen haýran galdyrýar. Bu eserler geljekki nesiller üçin nakgaşçylyk, grafika, miniatýura sungaty üçin bedewi wasp edýän nusgawy eserleridir.

Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny özleriniň ajaýyp döreden eserlerinde görkezýärler. Zehinli suratkeşleriň ajaýyp döreden eserleri sergä gelen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Tokio ― 2020: Aşgabatda goýlan rekord täzelenmedi
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
“Türkiýe Garabagyň Ýaňadandan Dikeldilmegi Işlerine Goldaw Berýär”
Daşary ýurt metbugatyna syn