Begmurat Muhamedow Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine bellenildi

Begmurat Muhamedow Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen, Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün — 16-njy ýanwarda 2023-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Belläp geçsek, Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedow mundan öň Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Ozal ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýewiň, prokuratura edaralarynyň işini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen, Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşadylandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany