Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň täze Baş prokuroryny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbir ýolbaşçylaryna harby we ýörite atlary, hünär derejesini bermek barada hem-de Türkmenistanyň täze Baş prokuroryny wezipä bellemek hakynda Permanlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň işini pes derejede gurap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatdy. Bu wezipä ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedow bellenildi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň polkownigi Muhammet Allamyradowiç Hydyrowa polisiýanyň general-maýory ýörite ady, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, polkownik Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewe, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, polkownik Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewe we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, polkownik Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýewe general-maýor harby ady dakyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganowa ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesini bermek we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Amanmuhammet Şyhgulyýewiç Sazakowa polkownik harby adyny dakmak hakynda Permanlara gol çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy hem-de bu edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Mundan başga-da, Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýubileý medaly bilen sylaglady
Türkmen Liderine döwlet sylaglary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna hormatly atlary dakdy