Behişdi bedewlerimiz toýlaryň bezegi

Hakykatdan hem, “At agynan ýerde toý bolar” diýlişi ýaly, “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynyň her bir güni şatlyk-şowhuna, toý-dabaralara beslenýär. Şol toý-dabaralaryň bezegi bolsa, behişdi bedewlerimizdir.

Indi gamyşgulak ahalteke bedewleri diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň hem dabaralarynyň bezegine öwrüldi.Behişdi bedewlerimize dünýä ýüzünde gyzyklanma barha ýokarlanýar.Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary golaýda Bahreýn Patyşalygynyň paýtagty Manama şäherinde her ýyl geçirilýän “MARA’EE-2019” halkara oba hojalyk sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň hem gatnaşmagynda serginiň çäklerinde ýörite gurnalan manežde türkmen jigitleri at üstündäki oýunlary bilen bu ýurduň raýatlaryny hem-de sergä gatnaşmak üçin gelen myhmanlary haýran galdyrdylar.

Aýratyn hem, çarpaýa galyp ýöremekde dünýä rekordyny täzeläp, Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan Akhanyň gözelligi, dutaryň sazyna aýak goşup, misli tans edýän ýaly oýnaklap ýöremegi, Kanun atly bedewiň çarpaýa galyp, täsin hereketleri etmegi bularyň bary ahalteke atlarynyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň gysga döwürde ýurdumyzda atçylygyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, ömrüni atçylyk sungatyna bagyşlan atşynaslarymyzyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatynda amala aşyrýan tutumly işleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen bedewi ata Watanymyzyň taryhynyň, häzirki döwrüniň we geljeginiň nyşanyna öwrüldi.Deňsiz-taýsyz bedewler Ýer ýüzüni haýrana goýmagyny dowam edýär. Şoňa görä-de, türkmen atçylyk sportunyň hem-de sirk sungatynyň wekilleriniň dünýä derejesindäki ýaryşlarda uly üstünlik bilen çykyş etmegi uly buýsançdyr.Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge we ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilýän giň möçberli işleriň netijesinde, olaryň at-owazasy has-da belende göterilýär.

Bu gymmatlyga goýulýan beýik sarpa hökmünde dünýäde ýeke-täk döwletde — eziz Watanymyz Türkmenistanda bedewiň şanyna toý-baýram edilýär. Ýurdumyzda at çapyşyklary yzygiderli geçirilýär.Geçen şenbe güni eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berilmeginiň şanyna uly ruhubelentlikde dabaralar geçirildi.

Bu dabaralar ýurdumyzyň çar künjeginde giňden dabaralandyryldy. Çapyşyklarda ýelden ýüwrük atlar dürli aralyklarda bäsleşip, ussat çapyksuwarlar bedew janköýerlerini begendirmegi başardylar.Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerimizde häzirki zaman atçylygynda ulanylýan iň gowy enjamlar bilen doly üpjün edilen atçylyk sport toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi Arkadag Prezidentimiziň bedew atlara bolan belent sarpasyna şaýatlyk edýär. “Wagt ahalteke bedewleriniň şöhratynyň hiç wagt öçmejekdigini, onuň barha belende göterilýändigini şübhesiz subut etdi” diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmaga, atçylyk sportunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde hem, türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan ahalteke bedewleri buýsanjymyza öwrüldi.

Halkymyzyň gadymy atçylyk sungatyny täzeden dikeldip, atçylyk pudagynyň döwrebap derejede ösdürilmegine ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Ejebaý Kulyýewa,S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyňmugallymy.

Ýene degişli makalalar

Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň paýtagtynda üstünlikli çykyş etdi
14.04.2019 | Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň paýtagtynda üstünlikli çykyş etdi
30.04.2019 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa
30.04.2019 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa
Türkmenistanda Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany atly halkara maslahat geçirildi
Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi