Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň paýtagtynda üstünlikli çykyş etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atçylyk sungatyny täzeden döretmek we ösdürmek boýunça taýsyz tagallalary netijesinde milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty ýurtlara we yklymlara dolup, olaryň üstünlikli çykyşlary dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz, halk atşynasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gysga taryhy döwürde ýurdumyzda atçylygyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, ömrüni arzyly hünäre — atçylyga bagyşlan atşynaslarymyzyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatynda tutumly işler durmuşa geçirildi.

Bularyň hemmesi atçylygyň dörän türkmen topragynda — dünýäniň atçylygyny baýlaşdyran hem-de arassa ganly atlaryň aýawly saklanan taryhy watanynda behişdi bedewlerimize hem-de atşynaslarymyza goýulýan hormat-sarpanyň belentdigini görkezýär.Behişdi bedewlerimize dünýä ýüzünde gyzyklanma barha ýokarlanýar.

Ine, ýakynda Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň Patyşasynyň çakylygy bilen bu ýurduň paýtagty — Manama şäherinde her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen MARA’EE — 2019 halkara oba hojalyk sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa şol çakylygyny şu ýylyň mart aýynda ýurdumyza amala aşyran döwlet saparynyň barşynda beýan etdi, şonda ol Köpetdagyň etegindäki Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde türkmen jigitleriniň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi. Şondan köp wagt geçmän, Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň Türkmen jigitleri toparynyň agzalary Bahreýn Patyşalygynda boldular.

Bu ýerde ussat jigitlerimiz asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli at üstündäki oýunlarymyzy ussatlyk bilen ýerine ýetirip, behişdi bedewlerimiziň ajaýyplygyny nobatdaky gezek açyp görkezdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, ýörite uçar çapyksuwarlary hem-de ahalteke bedewleriniň 10-syny Manama şäherine getirdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli we myhmansöýerlik bilen garşyladylar, atlary we çapyksuwarlary çykyşlara taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi.Munuň üçin halkara serginiň açylyş dabarasynyň geçirilen ýerinde ýörite manež guruldy.

MARA’EE — 2019 halkara oba hojalyk sergisiniň açylyş dabarasyna Onuň Alyhezreti Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa we onuň maşgalasy, hökümet agzalary hem-de ýurduň beýleki resmi adamlary, arap döwletlerinden belent mertebeli myhmanlar, köp sanly bahreýnliler gatnaşdylar.

Bahreýn döwletiniň we Türkmenistanyň Baýdaklaryny göteren dört atlynyň tomaşa meýdançasynda peýda bolmagy baýramçylygyň öwüşginini artdyrdy.Olar iki aýlaw edip, Bahreýniň Patyşasyny hormatladylar.Bu atly ýöriş köpçüligiň ünsüni özüne çekip, uly gyzyklanma döretdi.

Soňra manežde halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Galkynyş toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandy.Türkmen jigitleri ajaýyp çykyşlary bilen nobatdaky gezek tomaşaçylary haýran galdyrdylar, olar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Täsirli çykyş dabara meýdançasynyň bir diwaryny tutup duran uly ekranda görkezilen ýurdumyzyň ýaşyl Baýdagy, döwlet Tugramyz bilen sazlaşykly utgaşdy.Owadanlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi ahalteke atlarymyzyň ýyndamlygy, çeýeligi tutuş arap dünýäsini haýrana goýdy.

Yzly-yzyna sazlaşyk bilen maneže çykan behişdi ahalteke bedewlerimiz, olara atlanan milli lybasly oglandyr gyzlaryň ezberlik bilen ýerine ýetiren hereketleri serginiň açylyş dabarasyny ýatdan çykmajak waka öwürdi.Aýratyn hem, art aýagyna çarpaýa galyp ýöremekde dünýä rekordyny täzeläp, Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan Akhanyň gözelligi, dutaryň sazyna aýak goşup, misli tans edýän ýaly oýnaklap ýörişi, Kanun atly bedewiň art aýagynda çarpaýa galyp, täsin hereketleri edişi, toparyň eýjejik körpe türgeniniň at üstünde ýerine ýetiren hereketleri dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Çykyşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna düzülen Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan diýen aýdymy bilen joşgunly tamamlandy. Çapyp barýan iki atyň üstünde minara şekilini guran türkmen jigitleri bir elde ýaşyl Baýdagymyzy, beýleki elde Bahreýniň Baýdagyny belentde pasyrdadyp, dabara gatnaşyjylara ýatdan çykmajak ruhy lezzet paýladylar.

Dabara tamamlanandan soň, Bahreýniň Patyşasy Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk salamyny ýollady hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda ussat türkmen toparlaryny Manama iberendigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

14.04.2019 | Galkynyş milli at üstündäki oýunlar topary Bahreýniň paýtagtynda üstünlikli çykyş etdi
Behişdi bedewlerimiz toýlaryň bezegi
30.04.2019 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa
30.04.2019 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa
Bahreýne bir günde ygalyň ýyllyk möçberi düşdi
Daşary Işler Ministri Fidan Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi