Beijing International Studies University bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk giňeldilýär

13-nji noýabrda Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahat 2025 halkara çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti Beijing International Studies University (BISU) (Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersiteti) ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymy gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Beijing International Studies University arasynda 2025-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda baglaşylan Ylym we bilim ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama esaslanýandygy bellenip geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine, şol sanda akademiki alyş-çalyş, hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary, dil maksatnamalaryny ösdürmek, bilelikdäki ylmy we medeni çäreleri geçirmek mümkinçiliklerine garaldy.

Şeýle-de hytaý dili mugallymlaryny taýýarlamak işinde tejribe alyşmagyň, talyplaryň dil endiklerini ýokarlandyrmagyň, emeli aňyň binýadyndaky sanly okuw platformalaryna we gorlaryna birikmegiň, şeýle hem gysga möhletleýin kämilleşdiriş we tomusky okuwlary guramagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etildi.

Çeşme:Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Ýene degişli makalalar

MEETING OF THE MINISTERS OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN AND THE RUSSIAN FEDERATION
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy, üç sany türkmen ýokary okuw mekdebi dünýä sanawyna girdi, Lebapda senetçileriň halkara festiwaly tamamlandy
Bilim ministrligi Türkmenistanda diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny täzeledi
Türkmenistanda 2022-nji ýyl üçin bütin dünýäde ykrar edilen ýokary okuw mekdepleriniň täze sanawy tassyklanyldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi