Belarussiýanyň lideri: "Bizi söweşe çekmek isleýärler" diýdi

Belarussiýanyň lideri: "Bizi söweşe çekmek isleýärler" diýdi

Belarussiýanyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko konstitusiýa üýtgetmeler girizmek bilen iň ýokary wekilçilikli organa öwrülen Belarussiýanyň Halk Mejlisinde çykyş etdi.

Ýurdunyň Günbatar serhetlerindäki Polşada we Baltika ýurtlarynda NATO-nyň harby güýjüni artdyrandygyny aýdan Lukaşenko, NATO-nyň strategiki ýadro ýaraglaryny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirýändigini, özleriniň hem meňzeş wezipelere eýe bolan ýaraglary bazalaryna ýerleşdirendigini ýatlatdy.

Lukaşenko: "Bu zat örän aýdyň, bizi hakykatdan hem söweşe çekmek isleýärler. Baş serkerde hökmünde men hem, goşunymyz hem, ýörite gulluklarymyz hem ony aýdyň görýär. Olar bizi öjükdirip, hendek gazýarlar we harby infrastrukturasyny we ýaraglaryny döwrebaplaşdyrýarlar. Biz serhediň beýleki tarapynda parahatçylykly ýaşaýyş gurýarys, hendek gazmaýarys. Emma biziň parahatçylyga bolan söýgimiz rahatlyk däl. Ol bulaşdyrylmasyn" diýip belledi.

Howplaryň artmagy bilen Belarussiýanyň assimetrik çäreler görjekdigini we harby güýjüni artdyrjakdygyny aýdan Lukaşenko, "Bizi asimmetrik çäreleri görmäge mejbur etmäň" diýip duýduryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
“Polşa Ýadro Ýaraglarynyň Ornaşdyrylmagyna Taýar”
“Günbatar Däl, Eýsem Putin Gorkmaly”
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar
Finlýandiýanyň Premýer ministri: "Bize ABŞ-nyň ýadro ýaragy gerek däl" diýdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglaryny aldy