Finlýandiýanyň Premýer ministri: "Bize ABŞ-nyň ýadro ýaragy gerek däl" diýdi

Finlýandiýanyň Premýer ministri: "Bize ABŞ-nyň ýadro ýaragy gerek däl" diýdi

Finlýandiýanyň Premýer ministri Petteri Orpo Polşada çap edilýän "Rzeczpospolita" atly gazede beren beýannamasynda, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina uruşynyň üstünde durup geçdi.

Finlýandiýanyň Premýer ministri Petteri Orpo ýurdunyň topraklarynyň çäginde ABŞ-na degişli ýadro ýaraglaryň kabul edilip-edilmejekdigi bilen bagly soraga: "Munuň zerurlygy ýok, sebäbi NATO şonsyz hem ýadro howpuzlygyny üpjün edýär" diýip jogap berdi.

NATO-nyň 31-nji agzasy hökmünde 4-nji aprelde alýansa goşulan Finlýandiýa dekabr aýynda ABŞ bilen "Goranmak hyzmatdaşlygy şertnamasyna" gol çekipdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bu şertnamanyň öz ýurdunyň transatlantik howpsuzlygy güýçlendirmek boýunça alyp barýan işleriniň iň soňky mysalydygyny belläp, "Ýewropa materiginde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün edýän tor döredendiklerini" aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Fidan Blinken bilen duşuşyk geçirdi
Hakan Fidan Belgiýa gitdi
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan Brýusselde Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Russiýa Finlýandiýa Serhedine Harby Güýç Ornaşdyrar