Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar

Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar

Türkiýe, terrora garşy göreş meselesini NATO-nyň maslahatynda gün tertibine getirer.

NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň 2024-nji ýyldaky ilkinji maslahaty aprel aýynyň 3-4-i aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirler.

Maslahatda Türkiýä Daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik eder.

Maslahatyň gün tertibinde terrora garşy göreş we Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar esasy orun eýeleýär.

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň gurama agza bolmagyndan soňky ýagdaý we Waşington sammiti üçin görülýän taýarlykar meselesi hem gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Daşary işler ministri Hakan Fidan maslahatda, NATO-nyň terrora garşy birlikde göreşmelidigini, munyň guramanyň esasy wezipelerinden biridigini, gurama agza ýurtlardan käbiriniň terror guramasy PKK/ÝPG bilen hyzmatdaşlyk etmeginin kabul edilmesizdigini ýene-de bir gezek nygtar.

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň maslahatyň çäginde Britaniýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň we Finlýandiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Belgiýa gitdi
Hakan Fidan Brýusselde Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary