Belawiýa awiakompaniýasynyň web sahypasynda onlaýn hasaba almak wagtlaýynça elýeterli bolmaz

Belawiýa awiakompaniýasynyň web sahypasynda onlaýn hasaba almak wagtlaýynça elýeterli bolmaz

Belawiýia awiakompaniýasy web sahypasyndaky uçuşlar üçin onlaýn giriş hyzmatynyň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdi. Bu awiakompaniýanyň täze maglumat ulgamyna geçmegi boýunça tehniki işler bilen baglanyşyklydyr.

Uçuşlary boýunça hasaba almak howa menzilinde amala aşyrylar. Ýolagçylara uçuşdan öňki amallar üçin howa menziline uçaryň ugramazyndan iki sagat öňünden barmak maslahat berilýär.

Onlaýn giriş hyzmatynyň ýakyn wagtda dikeldilmegine garaşylýar.

19-njy awgustdan bäri Belawiýanyň Minskden Türkmenbaşy şäherine uçuşlaryň sanyny hepdede birden ikä çenli artdyrandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Belawiýa Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär
Näme üçin Türkiýe indiki syýahatyňyz üçin iň göwnejaý ýer?
Özbek awiakompaniýasynyň uçary Türkmenistanda gyssanmaç gonmaly boldy
“Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk” boýunça onlaýn okuw maslahaty: Halkara we milli tejribeleriň utgaşygy
“Asmanexpress” sowgatly uly arzanladyş yglan edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny