
Ysraýylyň Harby kabinetiniň agzasy Beni Gans ýurdunyň Gaza zolagynda alyp barýan genosid söweşiniň 8-nji aýynda, Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki adatdan daşary ýagdaý hökümetiniň agzalygyndan çekilýändigini habar berdi.
Beni Gans geçiren metbugat ýygnagynda: "Hökümediň agzalygyndan gynanç bilen, resmi ýagdaýda çekilýändigimi mälim edýärin" diýip habar berdi.
Beni Gans Ysraýylyň çürt-kesik ýeňişe tarap öňe gitmegine päsgel berýändigini aýdan Netanýahunyň, syýasy düşünjelere esasly kararlar kabul edýändigini habar berdi.
Beni Gans Netanýahu mümkin boljak iň gysga wagtda möhletinden irki saýlawlaryň geçirilemgi barada çagyryş berip, Goranmak ministri Ýoaw Gallanta hökümetiniň agzalygyndan çekilmek barada çagyryş berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň orta atan ýesirleriň çalşygy bilen bagly teklibini goldaýandygyny aýdan Beni Gans, Netanýahudan şol ylalaşygy ýola goýmak üçin mert bolmagyny isledi.