Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygy

Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Kitap akyl- paýhas hazynasydyr, şeýle-de Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy ady bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy, akademik Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki wagtda kitaphanalarda alnyp barylýan döwrebap işler, okyjylara edilýän hyzmatlar, kitabyň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň kitap barada ýazan pähim-paýhaslary hem-de halkymyzyň ýan kitabyna öwrülen ajaýyp eserleri hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda ýaşuly ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň dürli ýyllarda ýazan ajaýyp eserleri, milli we edebi mirasymyz hakynda ýazan nusgawy kitaplary, şeýle hem halypanyň ömri we döredijiligi hakynda ýazylan dürli edebiýatlar, döwürleýin neşirlerde çap edilen makalalar hakynda durup geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň has hem rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Berdi Kerbabaýew - türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy
Deňizden öwser ýeli türkmeniň
Artyk ady bilen adygan
Altmyşynjy ýyllaryň 'gyzly' goşgulary twitter döwrüniň kemsitmelerine garşy 'göreşýär'
Ahalyň täze merkeziniň köçelerine milli şahsyýetleriň atlary dakylar
“Kitap-ruhy hazyna”