
4-nji oktiýabrda prezident Berdimuhamedow Adalat ministrini çalyşdy.
Owalky ministr Begmyrat Muhamedow DIM-de başga işe geçirildi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.
Muhamedow bu wezipä 2017-nji ýylyň fewralynda bellenipdi we 4 ýyldan gowrak wagtlap işledi.
Täze Adalat ministri edilip Merettagan Taganow bellendi.
Şu ýylyň aprelinde Adalat ministriniň orunbasary bolan Taganow adam hukuklaryny we azatlygyny goramak boýunça komitetiň başlygy saýlanypdy.
Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary Batyr Myradow täze ministriň orunbasary boldy.
Bu wezipe çalyşyklary barada habar berilmeýär. Ýöne, TDH şol wezipä bellenmeleri Milli Geňeşiň ýokarky öýi Halk Maslahatynyň makullandygyny mälim etdi.
Bellesek, Baş Kanuna ters gelýändigine garamazdan, Halk Maslahatyna Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.The post Berdimuhamedow Adalat ministrini çalyşdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.