Berdimuhamedow Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň häkimini wezipesinden boşatdy

Berdimuhamedow Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň häkimini wezipesinden boşatdy

23-nji dekabrda prezident Berdimuhamedow Aşgabadyň häkimliginde wezipe çalyşygyny geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berdi.

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň häkimi Atamyrat Rejepalyýew “özüne ynanylan borçlary ýerine ýetirip bilmändigi üçin” wezipesinden boşadyldy.

Onuň ýerine Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Awdymuhammet Aramow bellendi.

Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary Didar Nurmuhammedow boldy.

Öz nobatynda Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasarlygyna Awdylla Annaberdiýew bellendi.

20-nji dekabrda Berdimuhamedow Aşgabat häkiminiň orunbasaryny “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden çetleşdirilipdi.

Rejepalyýew 2018-nji ýylyň ýanwarynda haçanda, Aşgabat territorial taýdan bölünende,paýtagtyň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesini eýeläpdi.

Büzmeýin tutýan meýdany boýunça juda uly, emma, az ilatly etrap bolup, paýtagtyň günorta-günbatar bölegini eýeleýär.

The post Berdimuhamedow Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň häkimini wezipesinden boşatdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy hasapda öňde barýar
Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
17.09.2017 | Olimpiýa stadionynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy