5-nji iýulda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi. Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygy Meýlis Nobatow ýurda gelýän daşary ýurtly raýatlaryň hasaba alynmagy boýunça edilen işler barada ahasabat berdi diýip, TDH habar berýär.
Prezident “Migrasiýa gullugynyň ähli düzümleriniň işiniň Türkmenistana işewürlik we tanyşlyk saparlary bilen gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň anyk hasaba alynmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini” aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, ol Aziada günlerinde ýurda geljek myhmanlaryň degişli migrasiýa çäresini geçmekleri üçin halkara ülňülerine laýyk şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryk berdi.
Bellemeli ýeri, Türkmenistana gelen syýahatçylar ýurtda syýahatçylyk firmalarynyň işgäri ugratmazdan hereket edip bilmeýärler we ol işgärleri ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigi aýdylýar.
Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlary Aşgabatda, 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda geçiriler.
