Türkmen okuwçylarynyň halkara üstünligi

Türkmen okuwçylarynyň halkara üstünligi

10-14-nji ýanwar aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde ýurduň Magaryf ministrliginiň “Daryn” ylmy-amaly merkezi tarapyndan XXII Halkara Žautykow olimpiadasy guraldy. Bu abraýly bäsleşige dünýäniň 16 döwletinden 600-den gowrak zehinli okuwçy gatnaşdy. Matematika, fizika we informatika derslerinden geçirilen bäsleşikde ýurdumyza 28 okuwçy wekilçilik edip, jemi 16 medala eýe boldular.

Matematika dersinden Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow altyn medala mynasyp boldy. Şeýle hem Mälikşa Meýlismyradow (86-njy mekdep), Myrat Ruslanow (97-nji mekdep) we Selim Hommatdurdyýew (135-nji mekdep) dagy kümüş medallary eýelediler. Şol dersden Seýitgeldi Hojamuhammedow (83-nji mekdep), Sanjar Hojanyýazow we Söýünmuhammet Geldimämmedow (49-njy mekdep), Begli Işanmyradow we Kümüş Nobatowa (86-njy mekdep) hem-de Daşoguz şäherinden Begenç Gummanow (26-njy mekdep) bürünç medallara eýe boldular.

Fizika we informatika derslerinde hem ýaşlarymyz uly üstünlikleri dowam etdirdiler. Fizikadan Mary welaýatynyň Şatlyk şäherinden Döwlet Annamyradow kümüş medala, Nurgeldi Annagurdow (79-njy mekdep) we Aýsenem Kakamyradowa (Mary ş. 10-njy mekdep) bürünç medallara mynasyp boldular. Informatika dersinden bolsa Hojamuhammet Hydyrow we Yhlas Annamyradow (86-njy mekdep) hem-de Kasym Köçekow (135-nji mekdep) bürünç medallary eýelemegi başardylar.

Mekdep okuwçylarynyň bu abraýly halkara bäsleşiginde gazanan 1 altyn, 4 kümüş we 11 bürünç medaly hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň netijesidir. Bu ajaýyp üstünlikler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany ýylynda gazanylan ilkinji ýeňiş bolup, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da berkitdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen mekdep okuwçylary Astana şäherinde geçirilen XXII Halkara Žautykow olimpiadasynda 16 medal gazandylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Albaniýada geçirilen matematika olimpiadasynda türkmenistanly okuwçylar medallara mynasyp boldular