Ministrler kabinetiniň 2-nji maýda geçirilen mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyklar we jemagat hojalygy boýunça wise-premýer Çarymyrat Purçekowa “elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde hemişe işlemegi” buýurdy.
TDH-nyň döwlet baştutanynyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, “dünýä bazarynda elektrik energiýasyna uly isleg bildirilýär. Diýmek, biziň bu ugurda öz işjeňligimizi artdyrmagymyz gerek”.
Bir hepde gowrak ozal Owganystanyň Badhyz welaýatynda “Talybanyň” Türkmenistandan elektrik energiýasyny getirýän tok geçiriji liniýa zyýan ýetirendigi habar berildi.
“Ýaragly oppozisiýanyň elektrik geçiriji liniýany kesenine eýýäm 10 gün boldy we olar bize ony bejermäge mümkinçilik bermeýär” diýip, şonda welaýatyň elektrik üpjünçiligi departamentiniň başlygy Mohammad Tahir Azimi gürrüň berdi.
Ýatladýarys, 2018-nji ýylyň noýabrynda Aziýa Ösüş bankynyň (AÖB) direktorlar geňeşi Türkmenistana içerki elektrik desgalarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak we goňşy ýurtlara elektrik eksportyny artdyrmak üçin $500 mln serişde goýbermek kararyna geldi diýip, guramanyň metbugat beýanatynda aýdyldy.
Şu günki günde ýurt Owganystana elektrik energiýasyny eksport edýär. 2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Pakistana hem elektrik ibermegi niýet edinýändigi habar berildi.
2018-nji ýylyň martynda bolsa Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleri Eýrana elektrik eneriýasyny ibermek ylalaşygyna geldi.
