“Talyban” Owganystana gelýän elektrik geçirijilerini kesdi

Owganystanyň demirgazygyndaky Badhyz welaýatynda “Talyban” hereketiniň söweşijileri Türkmenistandan elektrik toguny getirýän elektrik geçirijilerine zyýan ýetirdi diýip, TOLOnews agentligi 24-nji aprelde habar berdi.

Ýaragly oppozisiýanyň elektrik geçiriji liniýany kesenine we bize ony dikeltmäge ýol bermeýänine eýýäm 10 gün boldy diýip, welaýatyň elektrik üpjünçiligi gullugynyň başlygy Mohammad Tahir Azimi gürrüň berdi.

Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, 21 oba elektriksiz galdy. Türkmenistandan bu welaýata gelýän elektrik togy bir ýyllap iberildi.

“Fergana” neşiriniň maglumatyna görä, elektrik gabawy talyplar üçin öz şertlerini geçirmegiň adaty bir guraly bolup durýar.

Mysal üçin, “Talyban” 2018-nji ýylda Gunduz welaýatyndaky Huaja-Galtan etrabynda elektrik geçiriji liniýanyň sütünini ýykdy.Bu geçiriji arkaly Täjigistandan gelýän elektrik liniýasy birnäçe welaýatyň üstünden geçip, Kabula barýardy.

Talyplar 2016-njy ýylyň fewralynda owgan-türkmen serhedinde ýerleşýän Farýab welaýatynda hem elektrik geçirijisini partlatdylar.

Ýatladýarys, Türkmenistan eksport önümlerini diwersifikasiýa etmek programmasynyň çäginde Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan (TÖTOP) ugry boýunça hem elektrik geçirijileri gurmak niýetini yglan etdi. 2018-nji ýylyň noýabrynda “Çalyk holding” türk kompaniýasy bu taslama üçin $1,6 mlrd. maýa ýatyrdy.

Ýene degişli makalalar

Häzirki zaman özbek edebiýaty
Berdimuhamedow elektrik energiýasynyň eksport möçberini artdyrmagy buýurdy
Häzirki zaman özbek edebiýaty
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Owgan türkmenleriniň 'Arbaki' toparlary Gunduzda hüjüme geçdi