Berdimuhamedow işden çekilmek niýetini mälim edensoň, saýlaw kampaniýalaryna badalga berildi

Berdimuhamedow işden çekilmek niýetini mälim edensoň, saýlaw kampaniýalaryna badalga berildi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde sözlän sözünde ýokary wezipeden çekilmek islegini mälim etmeginiň yz ýany, parlamentiň aşaky palatasy 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdi.

Munuň yz ýany, Merkezi saýlaw topary 13-nji fewralda geçiren ýygnagynda Türkmenistanda saýlaw kampaniýalaryna badalga berdi. Toparyň maglumatyna görä, prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek işleri 14-nji fewralda başlaýar.

Prezident Berdimuhamedow ýokarky palatanyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda iki ýyl mundan ozal özüniň pygamber ýaşyny arka atandygyny ýatladyp, döwleti dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny aýtdy.

“Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Prezidentiň wezipeden çekilmek niýetini mälim eden güni, onuň 15 ýyl mundan ozal bu ýokary döwlet wezipesini eýelän gününe gabat geldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň (hökümetiň) başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň başlygy, Ýaragly güýçleriň serkerdebaşysy we Halk Maslahatynyň başlygy wezipelerini eýeleýär. Prezidentiň Halk Maslahatynyň başlygy wezipesini eýelemegi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna ters gelýär. Baş kanun prezidente ýokarky palata agzalygy gadagan edýär. Ýöne eks-prezidentler Halk Maslahatynyň ömürlik agzasy bolup bilýär.

“Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin” diýip, Berdimuhamedow 11-nji fewralda aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň aşaky palatasy, Mejlis Konstitusiýanyň 81-nji maddasyna we Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda 12-nji martda prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdi.

Konstitusiýanyň 81-nji maddasy parlamentiň aşaky palatasyna, Mejlise prezident saýlawlaryny bellemek ygtyýaryny we wezipesini berýär.

Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna görä, “eger Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda Mejlis Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlaryny onuň ygtyýarlyklarynyň Türkmenistanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä geçen güni belleýär [...]”

Kanunçylyga görä, Türkmenistanda möhletinden öň geçirilýän prezidentlik saýlawlarynyň güni prezidentiň wezipesiniň wagtlaýyn ýerine ýetirijä geçen güni bellenilmeli.

Gurbanguly Berdimuhamedow wezipeden aýrylmak niýetiniň sebäbini “döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek” hem-de “öz tejribesini Halk Maslahatynyň başlyklygyna” gönükdirmek bilen esaslandyrdy. Şol bir wagtda, ol iki ýyl mundan ozal özüniň pygamber ýaşyny arka atandygyna ünsi çekdi.

Prezidentiň ýaş ýolbaşçylara ýol bermek barada aýdanlary, onuň soňky birnäçe ýyl bäri yzly-yzyna ýokary wezipelere göterilýän ogly Serdar Berdimuhamedowyň prezidentlige taýýarlanylýandygy barada ýygjamlaşan çaklamalara gaýtadan üns çekdi.

Synçylara görä, irki prezident saýlawlarynyň senesiniň bellenilmegi esasan häkimiýetiň kime geçiriljekdigini däl-de, onuň haçan geçiriljekdigini aýdyňlaşdyrdy.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer 14-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda geçiriljek irki prezidentlik saýlawlarynyň töweregindäki ýagdaýlara syn berdi.

“Bu waka gaty öňden bäri garaşylýardy. [Gurbanguly Berdimuhamedow] ogluny öz ornuna geçirmek üçin taýýarlyk görýärdi. Munuň bir sebäbi, Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýy bolup durýar. Elmydama onuň saglyk ýagdaýy barada myş-myşlar peýda bolýar. Ýöne onuň telewideniýedäki soňky çykyşlaryndan çen tutulsa, saglyk ýagdaýy erbet däl. [Ikinjiden], ol Gazagystanda bolup geçen wakalary synlan bolmaly” diýip, Panniýer aýtdy.

Gazagystanda ýanwaryň başlarynda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen köpçülikleýin protestler tutaşdy we nägilelik soňy bilen zorlukly gozgalaňa öwrüldi. Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan harby ýardam soramaly boldy.

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek teklibi 7-nji ýanwarda, gazak wakalarynyň fonunda, orta atyldy.

Panniýeriň ynanjyna görä, Gazagystanda birnäçe ýyl mundan ozal häkimiýetiň birinji prezident Nursoltan Nazarbaýewden Kasym Žomart Tokaýewe gözegçilik astynda geçirilmegi soňy bilen Nazarbaýew üçin amatsyz boldy, onuň çagalary baýlyklaryndan mahrum edilýär, Tokaýew gytaklaýyn hem bolsa Nazarbaýewi tankyt edýär.

Panniýere görä, türkmen prezidenti öz ogluny ýokary döwlet wezipesine getirip, ol bu wezipede ymykly ornaşýança oňa göz-gulak bolmak isleýär we şeýlelik bilen öz mirasyny Türkmenistanda saklap galmak isleýär. Ekspert Berdimuhamedowyň Türkmenistanda maşgala dinastiýasyny döretmek isleýändigini aýdýar.

“Meniň pikirimçe Berdimuhamedow mundan beýläk maşgala dinastiýasynyň guruljakdygyna hakykatdan hem ynanýar. Ol Berdimuhamedowlar maşgalasynyň bu ýurdy ýyllar boýy dolandyrjakdygyna ynanýar” diýip, ekspert aýtdy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komiteti prezidentlik wezipesine hödürlenýän dalaşgärleriň sanawyny heniz mälim etmedi.

Bu aralykda, Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara guramalary tarapyndan erkin we adalatly haspalanmady. Türkmenistan demokratiýa boýunça halkara hasabatlarda yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Tokaýew Prezident wezipesine gaýtadan saýlanmak barada pikirlerini aýtdy
Tokaýew resmi sapar bilen Italiýa bardy