Tokaýew resmi sapar bilen Italiýa bardy

Tokaýew resmi sapar bilen Italiýa bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew resmi sapar bilen Italiýa bardy, onyň Kwirinal köşgünde Italiýanyň Prezidenti Seržo Mattarella garşylady.

Tokaýew saparyň dowamynda Italiýanyň Hökümet başlygy Žoržiýa Meloni bilen duşuşar, ýurduň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirer.

Şu gün, 19-njy ýanwarda Gazagystanyň Lideri Rim Papasy Fransisk tarapyndan kabul ediler.

Tokaýew şeýle hem Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) we BMG-niň Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň (WFP) baş edaralaryna barar diýip, Report.az habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Diýarymda joşýar şirin owazlar
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
UEFA-da ýylyň iň ökdeleri saýlandy
UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Ýuwentus” Ýewropanyň çempionyny transfer etdi
UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi