2021-nji ýyl üçin Ýewropanyň simwoliki ýygyndysy neşir edildi

2021-nji ýyl üçin Ýewropanyň simwoliki ýygyndysy neşir edildi

Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) 2021-nji ýyl üçin Ýewropanyň simwoliki ýygyndysynyň wersiýasyny neşir etdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Derwezeban: Janluiji Donnarumma Goragçylar: Ruben Diaş, Jorjio Kýellini, Leonardo Bonuççi, Sesar Aspilikueta Ýarym goragçylar: Žoržinýo, N’Golo Kante, Kewin De Brýuýne Hüjümçiler: Kilian Mbappe, Kriştianu Ronaldu, Robert Lewandowski Tälimçi: Tomas Tuhel Belläp geçsek, 11 futbolçynyň altysy Angliýanyň premýer-ligasynyň klublarynda çykyş edýär.

IFFHS futbol taryhynyň hronikasyny ýöredýän guramadyr.Ol 1984-nji ýylyň 27-nji martynda Leýpsigde doktor Alfredo Pege tarapyndan esaslandyryldy.Häzirki wagtda ol Germaniýanyň Bonn şäherinde ýerleşýär.Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bu guramany dünýä futbolynyň ýyl ýazgylaryny ýörediji hökmünde ykrar edýär.

Ýene degişli makalalar

FIFA 2021-nji ýylyň simwoliki ýygyndysyny mälim etdi
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
FIFA 2021-nji ýylyň nusgalyk düzümini kesgitledi
FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi
Messi we Ronaldu L'Equipe neşiri boýunça 2021-nji ýylyň simwoliki toparyna girmedi
1,5 milliard dollara satyldy