Messi we Ronaldu L'Equipe neşiri boýunça 2021-nji ýylyň simwoliki toparyna girmedi

Messi we Ronaldu L'Equipe neşiri boýunça 2021-nji ýylyň simwoliki toparyna girmedi

L'Equipe neşiri 2021-nji ýylyň jemi boýunça simwoliki topary hödürledi. Simwoliki topar neşiriň žurnalistleriniň pikiri esasynda saýlandy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Gyzykly ýeri, soňky “Altyn topuň” eýesi Lionel Messi bilen “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bu sanawa girmegi başarmadylar. L'Equipe neşiri boýunça 2021-nji ýylyň simwoliki topary şulardan ybarat:

Derwezeban: Eduar Mendi ("Çelsi"). Goragçylar: Trent Aleksandr-Arnold ("Liwerpul"), Ruben Diaş ("Mançester Siti"), Markinýos ("PSŽ"), Teo Ernandes ("Milan"). Ýarymgoragçylar: N'Golo Kante, Žoržinýo (ikisi hem "Çelsi"), Kewin De Bruýn ("Mançester Siti"), Mohamed Salah ("Liwerpul"). Hüjümçiler: Karim Benzema (Madridiň "Realy"), Robert Lewandowski ("Bawariýa").

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
“Al-Hilal” bu gezek portugaliýaly oýunçyny transfer etdi
“Al-Hilal” “Çelsiniň” ýene bir ýyldyzyny transfer etdi
Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
3 muzeý, 3 şäher