FIFA 2021-nji ýylyň simwoliki ýygyndysyny mälim etdi

FIFA 2021-nji ýylyň simwoliki ýygyndysyny mälim etdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) we FIFPro (Professional futbolçylaryň assosiasiýalarynyň halkara federasiýasy) 2021-nji ýylyň simwoliki ýygyndysynyň düzümini belli etdi. Bu barada sport24.ru habar berýär.

Derwezeban: Janluiji Donnarumma (“PSŽ”, Italiýanyň milli ýygyndysy).Goragçylar: Dawid Alaba (“Real”, Awstriýanyň milli ýygyndysy), Ruben Diaş (“Mançester Siti”, Portugaliýanyň milli ýygyndysy), Leonardo Bonuççi (“Ýuwentus”, Italiýanyň milli ýygyndysy). Ýarym goragçylar: Žoržinýo (“Çelsi”, Italiýanyň milli ýygyndysy), N’Golo Kante (“Çelsi”, Fransiýanyň milli ýygyndysy), Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”, Belgiýanyň milli ýygyndysy).

Hüjümçiler: Kriştianu Ronaldu (“Mançester Ýunaýted”, Portugaliýanyň milli ýygyndysy), Erling Holand (Dortmundyň “Borussiýasy”, Norwegiýanyň milli ýygyndysy), Robert Lewandowski (“Bawariýa”, Polşanyň milli ýygyndysy), Lionel Messi (“PSŽ”, Argentinanyň milli ýygyndysy).

Ýene degişli makalalar

Duşuşyklar azalsa, aýlyklar hem peseler
FIFA 2021-nji ýylyň nusgalyk düzümini kesgitledi
Garabagyň Toslama Ermeni Dolanşygynyň Ozalky Prezidenti Ele Salyndy
Gün energiýasy bilen işleýär
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rafael Nadal 14-nji gezek Roland Garros-da ýeňiş gazandy