Berdimuhamedow Lebapda düýe çopany bilen duşuşdy

Berdimuhamedow Lebapda düýe çopany bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäginde ýolugra düýe sürüsiniň ýanynda saklandy. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykow milletiň Liderini gadyrly garşylady.

Türkmenistanyň Prezidenti düýe çopan bilen salamlaşyp, onuň işi, mallarynyň, öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de çopanyň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.

Sarwan kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini guwanç bilen aýtdy hem-de ähli oba hojalyk işgärleri, şol sanda maldarlar üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilýändigini aýratyn belledi we munuň üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi.

Milletiň Lideri “Düýe maly — dünýe maly” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň düýe malyna aýratyn gadyr goýýandygyny belledi. Döwlet Baştutany düýe ýüňüniň, süýdüniň, çalynyň hem-de agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygynyň ylmy esasda subut edilendigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, düýeler taryhyň dowamynda ynsanyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir. Asyrlaryň dowamynda döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygy bolan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnan söwda kerwenleriniň hatarynda köp sanly düýeler, şol sanda arwana düýeleri bolupdyr.

A.Paşşykow häzir hem düýeleriň ornunyň uludygyny, arwana tohumyndaky düýeleriň baş sanynyň artmagy ugrunda edilýän aladanyň oňyn netije berýändigini guwanç bilen gürrüň berdi. Şeýle hem ol düýedarçylykdan döwlet tapandygyny, maşgala agzalary bolup bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandyklaryny uly buýsanç bilen aýtdy we şunuň bilen baglylykda milletiň Liderine hoşallyk bildirdi.

Çopana döwlet Baştutanynyň adyndan sowgat gowşuryldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow düýe çopanyna örän hormatly käriniň bardygyny aýdyp, oňa mundan beýläk-de uly üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen Lideri lebaply düýe çopany bilen söhbetdeş boldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary we Lebap welaýatlaryna iş sapary
Lebaply çopanyň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlary gowşuryldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary we Lebap welaýatlaryna iş sapary
Innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýet