Lebaply çopanyň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlary gowşuryldy

Lebaply çopanyň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlary gowşuryldy

4-nji ýanwarda çopan goşunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen didarlaşan Saýat etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşiginiň çopany Aýmyrat Paşşykow milletiň Lideriniň beren sowgatlaryny öýüne getirip, maşgalasyny begendirdi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Aýmyrat Paşşykowyň iş tejribesi 20 ýyla ýetýär.Düýe çopançylygy — sarwançylyk Paşşykowlaryň ata-baba dowam edip gelýän kesbi.Aýmyradyň kakasy Orazgeldi aganyň peder ýoluny dowam etdirip, sähra çykanyna 45 ýyl dagy boluberipdir.

Onuň ata-babalary hem düýe bakardy.Häzir bu işi Aýmyradyň inisi Çaryýar hem dowam etdirýär.Garaz, Paşşykowlar diňe bir Saýadyň Ýeňiş geňeşliginde däl, tutuş etrapda hem düýe malyndan döwlet tapan maşgala hasaplanylýar.

Goşunda milletiň Lideri bilen didarlaşan Aýmyrat Paşşykow şol gün öýüne gelip, bu hoş habary ilki bilen halypasyna — kakasy Orazgeldi aga, soňra ejesi Ogultuwak daýza, maşgalasyna, çagalaryna buşlady. Arkadag Prezidentimiziň Şa serpaýlaryny gowşurdy.

— Aňyrdan gelýän düýe çopanlary biz.Kakam pahyram düýe bakardy. 1978-nji ýyldan başlap, bu işe menem ymykly baglandym. Şondan tä pensiýa çykýançam, ondan soňra-da iki-üç ýyl dagy işläp, sürini Aýmyrada tabşyrdym. Ýedi perzendimiz bar. Şolaryň ikisi ogul.

Aýmyratdan kiçimiz Çaryýar hem çopançylyk bilen meşgullanýar.Garaz, arkama-arka düýedarçylykdan döwlet tapanymyzdan soň, başga kesbi-käri saýlajak bolup ýörmedik — diýip, çopanyň halypasy hem kakasy Orazgeldi aga bu ýakymly pursadyň şatlygyny paýlaşýar.

Ýeri gelende aýtsak, Aýmyrat Paşşykow kömekçisi Gurbanmyrat Bäşimow bilen bilelikde, Garagumuň giňişliklerinde 350-den gowrak düýäni bakýar. Şu sebitlerde şeýle sürüleriň ýene-de ýedisi bar.

Düýe çopanynyň orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan ogly Ilmyrat geljekde weterinar lukman bolmagy arzuw edýär, 9-njy synpda okaýan Ýazmyrat bolsa kakasynyň kesbini ýöredip, sarwan bolmakçy. Diýmek, ýakyn ýyllarda weterinar lukman hem, çopanlaryň täze nesli hem Paşşykowlaryň öz maşgalasyndan ýetişjek.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Resmi habarlar
04.07.2019 | Resmi habarlar
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady