Berdimuhamedow ogluny ministr belledi, orunbasarlaryny täzeledi we käýinç paýlady

Berdimuhamedow ogluny ministr belledi, orunbasarlaryny täzeledi we  käýinç paýlady

Türkmenistanda toplumlaryň gurluşlaryny üýtgetmek, ýokary derejeli ýolbaşçylary täzelemek, resmilere berk käýinçleri we soňky duýduryşlary bermek dowam etdirilýär, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow wezipe basgançaklarynda ýokary galdyrylýar.Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji fewralda nobatdaky guramaçylyk özgerişliklerini we kadr çalyşmalaryny geçirip, ogly Serdary şol günüň özünde döreden senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine belledi we ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Bu karar Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 mlrd dollar möçberinde döwlet serişdesiniň goýberilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şeýle-de prezident, sebäbini anyklaşdyrmazdan, gurluşyk we binägärlik ministrini täzeledi, "gidiber" diýlen Söýençnazar​ Selimowyň ornuna onuň orunbasary bolup işlän Rahym Gandymowy belledi.

Täze wezipä bellenen S.Berdimuhamedow 2019-njy ýylda Ahala häkim bellenmezinden öň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinde işleýärdi.Ol daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine 2018-nji ýylda, mart aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiji bolup, gaýtadan deputat saýlanandan soň bellenildi.

Mundan öň ol 2016-njy ýylyň noýabrynda, wagtyndan öň geçirilen saýlawlarda Ahal welaýatynyň Duşak saýlaw uçastogyndan deputatlyga saýlanan bolsa, 2017-nji ýylyň martynda Mejlisiň Kanunçylyk boýunça komitetiniň başlyklygyna saýlandy.

S.Berdimuhamedowyň ýolbaşylyk eden döwründe Ahalyň ýurtda ilkinji sanlaşdyrylan welaýat bolandygy, pagta planyny ilkinji bolup doldurandygy habar berildi. Ýöne muňa garamazdan, prezident mejlisiň dowamynda oba hojalygyndaky kynçylyklary, şol sanda ýurda zerur bolan bugdaý hasylyny ýetişdirmekdäki problemalary bölekleýin boýun aldy.

Döwlet baştutanynyň S.Berdimuhamedowa ýüzlenip aýdan sözlerinden çen tutulsa, onuň täze wezipesiniň döredilmegi ýurtda alnyp barylýan gurluşyklary zerur serişdeler bilen üpjün etmekden, gurluşyk materiallarynyň öndürilişini artdyrmakdan ybarat.Wise-premýer Baýramgeldi Öwezowa geçen ýylyň noýabrynda, tomusda dörän sement ýetmezligi üçin, käýinç yglan edilipdi.

Türkmen prezidenti soňky ýyllarda ýurtda import edilýän, daşary ýurtlardan altyn pula satyn alynýan önümleri azaldyp, eksportyň ornuny tutýan önümleriň, şol sanda gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň artdyrylmagyny talap edýär.Türkmenistanda onlarça milliard dollarlyk gurluşyk işleri alnyp barylýar we daşardan import edilýän gurluşyk materiallaryna, şol sanda täze we köne jaýlaryň daşyna ýabşyrmak üçin satyn alynýan ak mermere her ýylda millionlarça dollar serişde harçlanýar.

Türkmenistanda gurulýan gurluşyklar ýurduň nebit-gazdan gelýän girdejileriniň hasabyna maliýeledşirýär, emma soňky ýyllarda prezident nebit-gaz pudagynyň işindäki problemalary hem boýun alyp başlady. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji fewralda netbit-gaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Myratgeldi Meredowa "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin" berk käýinç, prezidentiň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýewe soňky duýduryş we berk käýinç yglan edildi.

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik edýän M.Meredowa oktýabrda hem berk käýinç berlipdi.Ministrler kabinetiniň mejlisinde hökümet başlygynyň metbugata gözegçilik edýän orunbasary Bahargül Abdyýewa hem käýinç yglan edildi.

Prezident wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň gowşak işleýändigini belledi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Nurmämmet Garlyýewe soňky duýduryşyny we berk käýinç yglan etdi. Şeýle-de, wezipe borçlaryny talabaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebowa berk käýinç yglan edildi.

Adatça bolşy ýaly, resmilere berlen käýinçleriň anyk sebäbi aýdylmaýar, ýöne media ýolbaşçylaryna gezek gelende, prezident olardan gazanylýandygy aýdylýan üstünlikleri giňden beýan etmegi talap edip gelýär. Ýurduň ykdysadyýetinde we maliýe ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygynyň aýdylýandygyna garamazdan, wise-premýer Goçmyrat Myradow, maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarow, başga işe geçmegi sebäpli, anyk düşündiriş berilmezden, "gidiber" diýlip, wezipelerinden boşadyldy, Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, käýinç yglan edildi.

Bu kadr çalyşmalary ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik sebäpli ýurtdan gidýän adamlaryň köpelýändigi barada çykýan maglumatlaryň fonunda geçirilýär. Şol bir wagtda, kadr çalyşmalaryndan başga, iş orunlaryny köpeltmek ugrunda nähili anyk çäreleriň görülýändigi belli bolmaýar.

Hökümet başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamlary boýunça orunbasary wezipesine bellenen Gadyrgeldi Müşşikow, özünden öňki resmileriň edişi ýaly, diňe gije-gündiz işlejekdigini aýtmak, prezidente minnetdarlyk bildirmek bilen çäklendi. Şeýle-de prezident, ýurduň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin senagat toplumyny ulag we aragatnaşyk toplumyndan aýryp, ýörite wise-premýerler tarapyndan gözegçilik edilýän ulag we kommunikasiýa, gurluşyk we senagat toplumlaryny döredip, ulag we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçysy wezipesine B.​Öwezowy belledi.

Wise-premýere Aşgabatda we welaýatlarda IP merkezlerini gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak tabşyryldy, bu merkezler üçin 10 million amerikan dollary möçberinde serişde goýberiljekdigi aýdyldy.Mundan başga, B.Öwezowa Pürli Agamyradow bilen bilelikde, Döwlet gullugy akademiýasynda ýolbaşçy işgärler üçin sanly ulgam okuwlaryny açmak, ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde mugallymlaryň taýýarlanylyşyny güýçlendirmek tabşyryldy. Ýerli synçylar Türkmenistanda häzirki zaman tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan hünärmenleriň, şol sanda öz okadýan sapagyny gowy bilýän mugallymlaryň ýetmezçilik edýändigini, döwrebap bilim alan ýaşlaryň bolsa, ýurtdaky iş şertleriniň we aýlyklaryň pesligi zerarly, başga ýurtlara işlemäge gitmäge ýykgyn edýändigini aýdýarlar.

Bu ýagdaý soňky döwürde prezidentiň gaýtalaýan talaplarynda hem gytaklaýyn tassyklanýana meňzeýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutany “Eger kim kompýuter bilen işlemegi başarmasa, onda ol ýolbaşçy bolup bilmez” diýip, käýinç berlen ondan gowrak resminiň biri bolan P.Agamyradowa ýarym ýylyň jemleri boýunça Döwlet gullugy akademiýasynda ähli ýolbaşçylar we olaryň orunbasarlary üçin kompýuter tehnikasy boýunça synaglary guramagy tabşyrdy. Şamuhammet Durdylyýew Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadylyp, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.

Oňa desgalary gurmak, aýratyn-da ak mermerli paýtagtda gurmak meselesini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.Synçylar ýurtdaky ýiti kadr ýetmezçiliginiň prezidenti şol bir adamlary şol bir wezipelere gaýta-gaýta bellemäge mejbur edýändigini aýdýarlar.

Mysal üçin, mejlisde wise-premýerlikden energetika ministrligine geçirilen Çarymyrat Pürçekow ozal, 2017-nji ýylyň fewralyndan 2019-njy ýylyň apreline çenli, hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine bellenmezinden öň, bu ministrlige ýolbaşçylyk etdi; Ş.Durdylyýew hem ozal, 2013-2017-nji ýyllarda wise-premýer wezipesinde işledi.

Ozal Aşgabatda welosipede, türkmen alabaýyna heýkel dikmegi teklip eden Berdimuhamedow mejlisde, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny ebedileşdirmek üçin, iň belent ýerde meçdançalary bolan 300 metrlik diňiň "hökmany suratda gurulmalydygyny" aýtdy.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklara, iş orunlarynyň ýiti ýetmezçiligine garamazdan, döwlet baştutanynyň karar bermeginde ykdysady manysy gümürtik taslamalara milliardlarça dollaryň harçlanýandygyny, tiz-tizden çalşyrylýan resmileriň ýagdaýyň gowulyga özgermegine täsiriniň ýokdugyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow köne hökümetden täze hökümet düzdi
Ministrler Kabineti: S.Berdimuhamedow JIÖ-niň ösüşini saklamagy, täze uçar gatnawlaryny ýola goýmagy we 2023-nji ýyl üçin şygar seçmegi buýurdy
S.Berdimuhamedow gurluşyk we medeniýet boýunça wise-premýerlere käýinç yglan etdi, söwda minsitrini belledi
Prezidentiň Mara sapary döwründe ak reňkde bolmadyk ulaglar tussag edildi’, hereket çäklendirildi
S.Berdimuhamedowa pile öndürilişiniň we “Soňky jaňa” taýýarlygyň tamamlanandygy barada hasabat berildi
Ahalda öňki prezidentiň 'seýislän' atynyň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar