S.Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni bilen bagly 833 tussagyň günäsini geçdi

S.Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni bilen bagly 833 tussagyň günäsini geçdi

23-nji sentiýabrda prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni bilen ilteşikli 829 sany Türkmenistanyň raýatynyň we 4 sany daşary ýurtlynyň günäsini geçmek barada karara gol goýdy diýip TDH döwlet täzelikler gullugy habar berýär.

Raýatlyk we günä geçiş meseleleri boýunça teklipleri taýýarlaýan toparyň başlygy, goranmak ministr Begenç Gündogdyýewe günäsi geçilen raýatlaryň ýakyn wagtda öýlerine dolanmagy üçin çäreleri görmek tabşyryldy.

Welaýat, etrap, şäher häkimlerine we beýleki degişli ýolbaşçylara günäsi geçilenleri işe ýerleşdirmek buýruldy.

Türkmenistanda her ýyl 3-4 gezek günä geçiş yglan edilýär we olar uly baýramlara bagyşlanýar. Ahyrky gezek kiçi Berdimuhamedow 22-nji aprelde, “Gadyr gijesi”bilen ilteşikli 514 bendiniň günäsini geçipdi.

Günä geçişligiň neneňsi amala aşyrylýandygy we günäsi geçilenden soňra adamlaryň iş bilen neneňsi üpjün edilişi barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” “Türkmençe indulgensiýa.

Bäş ýylda Türkmenistanda 20 müň sany tussagyň günäsi geçildi” atly makalasyndan okap bilersiňiz.The post S.Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni bilen bagly 833 tussagyň günäsini geçdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen prezidentleriniň obada büdreýän dyrmyklary’ ýa-da mejbury zähmet kime bähbitli?
Analiz: “Täze eýýamda-köne heňňamlar…” (Serdar Berdimuhamedowyň prezidentligine bir aý boldy)
S.Berdimuhamedow Howpsuzlyk geňeşinde iki käýinç yglan etdi we baş prokurory belledi
Hytaýyň goranmak ministri Aşgabada bardy we Türkmenistanyň içki işlerine daşardan päsgelçilige garşy çykyş etdi
Türkmenistanda 514 sany bendiniň günasi geçildi
S.Berdimuhamedow howpsuzlyk Geňeşiniň IIM-den beýleki ähli agzalaryny galdyrdy we howpsuzlyk meseleleri boýunça wise-premýer wezpesini ýatyrdy