S.Berdimuhamedow we Ş.Mirziýoýew “Daşkent” seýilgähini açdylar hem serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygyna badalga berdiler

S.Berdimuhamedow we Ş.Mirziýoýew “Daşkent” seýilgähini açdylar hem serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygyna badalga berdiler

21-nji oktiýabrda Türkmenistanda resmi saparda bolan Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň resmi taýdan açylyşyna gatnaşdy. Onuň ýanynda prezident Serdar Berdimuhamedow boldy.

Seýilgäh Magtymguly şaýolunda ýerleşýär. Üç gektar çemesi seýilgähiň çäginde gülli bag we Daşkendiň myhmansöýerligini görkezýän göçürmeleriiň kiçijik görnüşi bar diýip Özbek prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Aşgabat we Daşkent dogan şäherler. 2018-nji ýylyň aprelinde Özbek paýtagtynda “Aşgabat” seýilgähi açyldy diýip TDH döwlet täzelikler gullugy ýatlaýar.

Seýilgähde iki prezident üçin konsert gurnaldy, şol bir wagtda, ol ýerde toý boldy we iki prezident hem ýaş çatynjalara bagt arzuw etdiler.

Mundan başga-da,seýilgähde iki prezident “Horezm-Daşoguz” serhet söwda zolagynyň gurluşygyna wideýo-şekilli badalga berdiler.

“Şawat-Daşoguz” barlag-geçiş nokadynda söwda pawilýonlary, ammarlar we konteýnerler üçin meýdanlar gurlar.

Mundan soňra Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine bardy we oňa “Hormatly professor” ady berildi.

Özbek prezidenti “Halk hakydasy” ýadygärligine gül goýdy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owalky habaryna görä, Özbegistanyň kollejlerine kabul edilen Lebap welaýatynyň mekdepleriniň birnäçe uçurymlaryna okuw üçin ýurtdan çykmaga rugsat edilmedi.The post S.Berdimuhamedow we Ş.Mirziýoýew “Daşkent” seýilgähini açdylar hem serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygyna badalga berdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ýeňişli gadamlaryň we mizemez dostlugyň şanyna baýramçylyk dabarasy
2022-nji ýylda aýallaryň hukuklary: ony nähili bozdular we oňa garşy nähili göreş alyp bardylar
Bişkekde aýazly howa sebäpli köçe yşyklary öçüriler
Türkmenistanda parlament saýlawlaryna gatnaşanlaryň sany 90%-den geçdi, 2023-nji ýylyň ilkinji iki aýynda Türkmenistan Hytaýa 1,61 milliard dollardan gowrak möçberde haryt eksport etdi we beýleki habarlar
Dünýäniň iň uly çigildem bagy
Dubaý şäherinde krokodilleriň seýilgähi açyldy
Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri