'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?

'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň oba hojalygynda we beýleki pudaklarynda emele gelen çylşyrymly ýagdaýy gytaklaýyn tassyklap, hepde aýagyndaky hökümet mejlisinde uly kadr çalşygyny geçirdi. Ýurduň oba hojalyk we daşky gurşaw ministri Allanur Altyýew, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, wezipesinden boşadyldy. Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Hojamyrat Aşyrmyradowy Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.

Bu sebitiň häkimi Taňryguly Atahallyýew 7-nji iýulda hökümet başlygynyň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellenipdi.Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew hem, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, sebitdäki galla hasylynyň juda pes bolandygy baradaky habarlaryň arasynda, wezipesini öňki orunbasaryna bermeli boldy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow bolsa, sebit häkimi wezipesinden boşadylyp, täze döredilen Oba hojalyk ministrligine ministr bellendi.Onuň ornuna Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi bolup işlän Soltanmyrat Soltanmyradow geçirildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ýazmuhammet Gurbanow hem, anyklaşdyrylmazdan berlen resmi habara görä, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Kadr çalyşmalarynyň arasynda, daşky gurşawy goramak, azyk howpsuzlygy meselelerinde dörän çylşyrymly ýagdaýy gytaklaýyn boýun alan prezident Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek baradaky karara gol çekdi. Şeýle-de, yzy kesilmeýän dökün şikaýatlarynyň fonunda, işde goýberen kemçilikleri üçin, Nyýazly Nyýazlyýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Mundan başga, işde goýberen kemçilikleri üçin diýip, prezident ýurduň energiýa ministrini, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyny wezipelerinden boşatdy.

Nobatdaky kadr çalyşmalary, hökümet agzalarynyň arasynda barýan içerki göreşler baradaky tassyklap bolmaýan habarlaryň arasynda, ýurduň 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri dowam edýän galla, azyk meseleleriniň saklanyp galýandygyna ýene bir gezek ünsi çekdi.

Birden syýasy sahnadan çetleşdirilen Annageldi Ýazmyradow 7-nji iýulda, galla oragynyň barşy we beýleki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada beren hasabatyndan soň, saglyk ýagdaýy sebäpli diýlip, wezipesinden boşadyldy.Ol bu wezipä geçen ýyl bellenipdi we, synçylaryň käbiriniň çakyna görä, ýaş prezidentiň düzýän täze komandasynyň esasy sütünleriniň biri bomalydy.

Gürrüňi gutarmaýan azyk üpjünçiligi

​Oba hojalygyndaky kadr çalyşmalary Türkmenistanyň Eýrandan edýän importynyň, şol sanda azyk önümleriniň köpelen wagtyna gabat geldi.Eýran metbugatynyň maglumatyna görä, 21-nji martdan 21-nji iýuna çenli aralykda Türkmenistana Eýranyň Horasan Razawi welaýatyndaky Lotfabad serhet geçelgesinden geçirilen harytlaryň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103% ýokarlandy.

Türkmenistanyň Eýrandan import edýän esasy harytlarynyň arasynda gurluşyk materiallary bilen birlikde azyk önümleriniň hem bardygy aýdylýar. Şol bir wagtda, Eýranyň Türkmenistandan edýän importy bary-ýogy 23,4% köpelipdir. Özem Eýranyň Türkmenistandan esasan nebit koksy, pagta, mata we ş.m. önümleri import edýändigi aýdylýar.

Maglumat üçin aýdylsa, 1990-njy ýyllaryň basynda Eýrana gatnaýan torbaly söwdagärleriň käbiri ol ýerde arzan ýumurtgadan doýup, gan basyşlarynyň göterilýändigini, Türkmenistanda ýumurtganyň hem gytdygyny aýdýardylar.

Türkmenistanyň oba hojalygy we oba adamlary ozal Saparmyrat Nyýazowyň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren synaglarynyň pidasy bolan bolsa, indi Serdar Berdimuhamedowyň geçirjek synaglarynyň pidasy boljaga meňzeýär diýip, synçylar aýdýar.S.Nyýazow hünäri boýunça elektrik inženeri bolan bolsa, G.Berdimuhamedow diş lukmanydy. Öňki iki prezidentden tapawutlylykda, S.Berdimuhamdow oba hojalyk uniwersitetini tamamlan, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň baş hünärmeni, sebit häkiminiň orunbasary, sebit häkimi, wise-premýer bolup işlän we bu ugurdaky meseleleri has gowy biljek ýolbaşçy bolmaly.

Emma synçylaryň käbiri onuň oba hojalygyndaky meselelere düşünýändigini sorag astyna alýar.

“Ol bütin ömrüni paýtagtda, elita diýilýän gatlakda ýaşan, ilki saglyk ministri, soň wise-premýer, prezident bolan kakasynyň saýasynda Oba hojalyk uniwersitetiniň diplomyny alan we wezipe basgançaklaryndan aňsatja ýokary galan adam, hakykatda oba hojalygy näme, agronomçylyk näme, gidromelerasiýa näme, bu zatlary bilmez” diýip, Azatlyk bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen synçy aýtdy.

Şeýle-de, ol häzir Türkmenistanda tohumçylygy gowy bilýän adamlaryň tas ýok diýerlikdigini belläp, S.Berdimuhamedowyň welaýat häkimlerini bellände esasan Ahal sebitinden bolan adamlary ileri tutýandygyny, bu ýagdaýda welaýatlardaky ekerançylyk, maldarçylyk pudaklarynyň, suw hojalygynda edilmeli işleriň netijeli bolup bilmejekdigini aýtdy.

“Mysal üçin aýtsam, Ahalyň ekerançylyk ýerleriniň düzümi bilen Lebapdaky ekin ýerleriniň düzümi deň däl, Marydaky, Daşoguzdaky ýerleriň ýagdaýyny hem Ahaldan gelen häkimler bada-bat bilip ýa öwrenip bilmeýär.

Berdimuhamedowlar sebitlere häkim bellän wagtlarynda ýokary hasyl almagy, obalary ösdürmegi däl-de, hökümdarlygy berkitmegi maksat edinýäne meňzeýär, bu ýerde suwdan tygşytly peýdalanmak, toprakdan ýokary hasyl almak maksady tasdan ýok” diýip, synçy öz pikirini aýtdy.

Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän kärendeçileriň, synçylaryň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň oba hojalygynda suw, tehnika, dökün we tohum meseleleri tasdan hemişe mesele bolmagynda galýar.

“Sebitlerde ilkinji orunda suw desgalaryny, ara ýaplaryny, zeýkeşleri arassalaýan tehnika gerek, olar juda az, bugdaý orýan kombaýn almaga gyssanman, ilki ýer, suw meselelerini çözmeli” diýip, bir hünärmen aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, oba adamlary, kärendeçi daýhanlar ýagdaýyň diňe Nyýazow döwründe biraz oňat bolandygyny aýdýarlar.

“Berdimuhamedow döwründe ýagdaý diňe erbetleşdi. Mysal üçin, Nyýazow döwründe bugdaý we gowaça ekenleriň ýyllyk girdejisi, kepegi, künjarasy, ýagy, ähli çigit galyndysy soňky gramyna çenli daýhana berlerdi; daýhanlaryň arasynda pagtadan 30, 40 sentnere çenli hasyl alýanlar hem bolardy” diýip, ol daýhanlaryň mal saklap, baýap başlandygyny belledi.

Jemgyýetdäki adalatsyzlyk daýhanlary 'ýalta' edýärmi?

“Häzir daýhanlaryň bir ýylda alýan girdejisi bir aý güzeranyna ýetmeýär, hak berilse, daýhanlar zähmetden gaçmaýar, olar ýalta däl” diýip, hünärmen gürrüňini dowam etdirdi. Emma ýurtda yglan edilen oba hojalyk özgertmeleriniň ýa-da oba adamlarynyň içinden geçirilen synaglarynyň daýhanlaryň elini işden sowadandygyny, olary ýalta edendigini aýdýan synçylar hem bar.

“Daýhanlar has ýalta boldular, dogry, suw ýeterlik däl, ýöne gijelerine ýatman, meýdana baryp, ekiniňe suw tutsaň, suw bar.Gijelerine tutulan suw gowaça hem peýdaly... Ýok, gije ýatyp, hemme kişi ukusyny aljak.

Onsoň adam irden sagat 8.00-da turup, ekinine suw tutmaga barýar.Emma gündizlerine suw peselýär, sebäbi ekinine suw tutýan kän.Netijede, suw ýetmeýär we gowaça ýeterlik suwuny almaýar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Onuň pikiriçe, elbetde, häkimiýetlerde günä kän, ýöne diňe olar günäkär däl.

“Kärendeçileri gürletseň, elbetde, olaryň özünden başga hemme kişi günäkär. Suw ýetenok, dökün, derman, tehnika üpjünçiligi pes diýýärler. Men ilkinji orunda daýhan günäkär diýip pikir edýärin” diýip, lebaply söhbetdeşimiz 1940-njy ýyllardaky daýhanlaryň ýokary hasyl almak üçin eden azaplaryny mysal getirdi.

“Mesele şunda, häzir daýhanyň emgenesi, azap edesi gelenok, nämemiş kärende puly (dahody) az berýärmiş.Eger beýle bolsa, kärende ýeriňi yzyna tabşyr, goý, işlejek işlesin diý. Ýok, adamlar kärende üçin bölünip berlen 2-3 gektar ýerini yzyna tabşyrmak islemeýär.

Alan ýerine yhlas edip, işlemek hem islemeýär.Iberiljek tehnika garaşly bolup, garaşyp durýar.Eger tehnika hemme işi etse, onda daýhan kime gerek?” diýip, söhbetdeşimiz öz pikirini aýtdy.

Telekeçilere berlen 'gowy' ýerlere näme boldy?

Daýhanlaryň ýaltalygy ýa-da ýere yhlas etjek adamlaryň azalýandygy baradaky mesele, soňky ýyllarda açyk aýdylmasa-da, öňräkden belli we ýerli synçylaryň käbiri ony sowet döwründe adamlaryň ýeriniň, malynyň alynmagy, zorlukly kollektiwleşdirmäniň döreden geleňsizligi bilen baglanyşdyrýar. 1990-njy ýyllaryň başynda, ýerler adamlara hususy eýeçilige berilse, 8 sagadyny geçirip gaýtman, ýerine has yhlas etjek, gerek wagty 10-12 sagat işlejek we baýajak adamlar hem tapylar diýen pikir bardy.

Indi, lebaply ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, agrar ýurt bolan Türkmenistanda adamlar gitdigiçe ýerden, maldarçylykdan daşlaşýana meňzeýär.

“Men aýlanyp gördüm. Çärjew etrabynyň käbir obalarynyň daýhanlary, oba ýaşaýjylary has ýalta, iş edesleri gelmeýär.Kärende ýerinde işlemek aňyrda dursun.Hatda öz 25 sotuk melleginde, howlusyndaky ekin meýdanyna gök, bakja önümlerini ekmeýän adam köp. Öň beýle däldi. 1990-njy ýyllarda oba ýerlerine baryp, howlulara girip göreniňde, gök-bakja ekinlerini görüp, gözüň dokunýardy. 25 sotuk ýeriň 5 sotugynda jaý gurlan bolsa, her hojalykda 20 sotuk ýere ekin ekilýärdi.

Pomidor, hyýar, bulgar burçy ýaly, her hili bakja önümlerini ýetişdirip, hojalykdan artanyny bazarlara eltip satýardylar.Häzir nähili?Haýsy howla girip görseň, mekgejöwen ýa-da ýorunja ekilendigini görýärsiň.

Oba adamlary bazara baryp, iýjek gök-bakja önümlerini şol ýerden satyn alýarlar. Ýakynda oba barsam, köçämizde awtoulagly getirilen pomidor satylýar, adamlar ylgap baryp, ol pomidory çelekläp alýarlar.Sorap görsem, pomidor satýanlar Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndan gelipdirler” diýip, söhbetdeşimiz ozal beýle zat bolar diýip hiç wagt pikir etmändigini boýun aldy.

“Siz göz öňüne getiriň, öz howlusyndaky mellegini, işigindäki ýeri eýgermeýän adam meýdanda berlen 2 gektar ýere wepa berermi?Dogry, biz hemişe döwleti günäkärleýäris. Ösüş suwundan öň wagtynda tehnika bermeýär, ýa-da ösüş suwundan öň gerekli derman berilmeýär’ diýip, hemişe ýolbaşçylardan nägile bolýarys. Ýöne mesele hakyky meýdanda işlejek adamlaryň azalanlygynda bolmasyn?

Meniň göwnüme bolmasa, her kim öýünden çykman ýatjak bolýan ýaly.Aýdaly, irden meýdana, ekin ýerine tehnika gelýär, potrat eýesi gelip, traktorçy bilen gepleşip, derman bermeli ýerini görkezip, öýüne gaýdýar.

Traktorça işiňi gutaraňsoň jaň et, men gelerin diýýär.Traktorçy diýlen ýere derman berdimi ýa bermedi, ýere bermeli dermany ogurlap satdymy, muňa hiç kim gözegçilik etmeýär. Şundan soň nädip pagta bolsun?” diýip, oba hojalygynda daýhanlaryň ýaltalygynyň esasy meseleleriň birine öwrülendigini öňe süren raýat aýtdy.

Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, daýhanlarda we beýleki pudaklaryň işgärlerinde endige öwrülen ýaltalyk ýa-da geleňsizlik hakykatda sowet döwründen gelýär we ol merkezden dolandyrylan ykdysadyýetiň 'sen işlän bol, men aýlyk beren bolaýyn' diýilýän praktikasy bilen bagly.

Azat bazar ykdysadyýetine geçilmegi adamlarda has gowy işlemek we has gowy gazanç etmek höwesini güýçlendirer öýdülýärdi, emma ýurtda başyna goýberlen korrupsiýa bu höwesiň badyny gaçyrdy, adamlar lapykeçlik, jemgyýetdäki adalatsyzlyklar we olara çäre görülmezligi zerarly biparh bolýarlar diýip, ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Başyna giden’ korrupsiýa

Hökümet baştutanynyň oba hojalygy boýunça orunbasaryny täzelemegi, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, oba hojalygynda emele gelen agyr ýagdaýyň öňündäki alaçsyz hereket bolup görünýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy oba hojalygynda dörän ýagdaýy diňe "uly ogurlyk we hökümet tarapyndan üsti örtülýän agyr korrupsiýa" bilen baglanyşdyrýar.

“Sowet Soýuzy darganyndan soň, ozal döwlet emlägi bolan tehnikalar, kolhoz-sowhozlaryň garažlaryndaky abat we bibat enjamlar satylyp ýok edildi...Oba hojalygynda ýolbaşçy wezipelere bellenen adamlar wezipä geçenlerinde beren paralaryny ödemek üçin iş ýerlerinde satyp bolýan ähli zady satdylar.

Döwlen ýa-da işe ýaramajak tehnikalaryň sanawyna goşup, abat tehnikalary hem satdylar.Oba hojalygynda jogapkär işe bellenen adamlaryň köpüsi, öz ýagdaýyny gowulandyrmak ýa öz meselesini çözmek üçin ogurlyk etmekden başga çykalga tapmady” diýip, synçy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, diňe tehnika däl, ýylda ekilmeli ekinler üçin goýberilýän dökünler hem her gezek ýerli telekeçilere satylýar. Eger-de kärendeçi sada, ýönekeý adam bolsa, onuň potrat ýerleri idegsiz galýar. Olara wagtly-wagtyna goýberilmeli dökünler, berilmeli suw hem berilmeýär.

Aýdylmagyna görä, býujetden goýberilýän pullar harçlanmaly ýerinde harçlanman, Oba hojalyk ministrliginden başlap, oba başlyklaryna çenli aralykda ýitirim bolýar. Netijede, kagyz ýüzünde düzedilen işlere harçlanan pullar hakyky bitirmeli işini bitirmeýär we ýagdaý ýyl-ýyldan beterleýär.

“Häzirki wagtda oba hojalygy çykalgasyz ýagdaýda, munuň düýp sebäbi parahorluk, ýagdaýy anyk faktlar esasynda görkezmän, diňe gowy’ diýip görkezmek oba hojalygynyň çökmegine getirdi” diýip, ýerli synçy aýtdy.

Bu pikiri aýry-aýrylykda gürleşilen kärendeçiler hem tassyk etdi. “5-10 ýyl öň adamlar mellekden ýa-da potrat ýerlerinden peýdalanyp bolar öýdüp umyt edýärdiler. Emma soňky ýyllar bu umydyny ýitirýän, kärende ýerini taşlaýan daýhan barha köpelýär. Sebäbi ýer girdeji däl, agyr azap bilen çykdajy bolýar” diýip, etraplaryň biriniň ýaşaýjysy Aşgabada, gara işde işlemäge gidýän daýhanlaryň barha köpelýändigini aýtdy.

Ýolbaşçylaryň täzelenmegi çözgüt bolup bilermi?

Azatlygyň söhbetdeş bolan daýhanlary we synçylary oba hojalyk. pudak ýolbaşçylarynyň yzygiderli täzelenmeginiň çözgüt bolup bilmejekdigini, sebäbi wezipä bellenýän adamlaryň mejlisde ýüzüni ýerden galdyryp bilmeýän şol bir erksiz emeldarlardygyny, muny wagtyň bireýýäm görkezendigini aýdýarlar.

“Täze bellenýän häkimleriň, wise-premýerleriň ählisi bir mafiýa. Olar öz ýerlerini satyn alýarlar. Wezipe satyn almak üçin tanşyň bolmaly. Edil şu günki günde şu düzülen zynjyr üzülmese, täze goýlan ýolbaşçylar hiç zady düzetmez we olar hem özlerinden öňküler ýaly täzelenip durar” diýip, kärendeçi daýhan aýtdy.

Onuň pikiriçe, oba hojalygyna degişli pudaklaryň ähli işgäri dogry, halal işlese, ýagdaý düzelip biler.

“Täze bellenýän ýolbaşçylar diňe öz jübülerini doldurmak üçin däl-de, oba hojalygyny hakykatdan hem ösdürmek üçin işlemeli. Eger ýokardaky işgärler halallyk bilen işlese, ýurdy ösdürmegiň ugrunda ylgap başlasa, olar aşakdaky işgärlerden hem dogry ýoldan ýöremegi talap edip bilerler. Ähli ugurda korrupsiýa örç alýan bolsa, ýurduň ýyl geldikçe garyplyga düşjekdigi belli” diýip, radionyň söhbetdeşi öz pikirini aýtdy.

Şeýle-de, ol oba adamlary ýalta diýýänler bilen ylalaşmaýandygyny, olaryň ir ertirden giç agşama çenli ekinlerine, mallaryna seredip, eklenç ugrunda ylgamaly bolýandygyny, obalardaky iş, ýaşaýyş şertleriniň örän agyrdygyny, wezipesini satyn alýan, iş bilmeýän ýolbaşçylaryň bolsa bu ýagdaýy has-da agyrlaşdyrýandygyny aýtdy.

Mundan başga, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan oba adamlaryň aýtmaklaryna görä, obalardaky gowy ýerleriň telekeçilere satylmagy korrupsiýanyň ýene bir görnüşine ýol açdy.

“Telekeçileriň satyn alan ýerlerinde kagyzda gowaça, bugdaý ekilýär, iş ýüzünde bolsa mal oty ekilýär. Olaryň ýerlerine ne arçyn, ne başlyk aýlanýar. Olar kagyz ýüzünde ilkinji plan dolan adamlar bolýar” diýip, ýerli daýhan ot ekýän adamlaryň gowaça, bugdaý ekýän adamlara garanda maldarçylykdan has kän girdeji alýandygyny, şeýlelikde maldarçylygyň hem wezipeli adamlaryň, emeldarlaryň biznesine öwrülýändigini aýtdy.

“Hökümet tarapyndan daşary ýurtlardan satyn alynýan tohum mallar ýokary gatlaga girýän adamlaryň sürülerine goşulýar” diýip, bu aýdylýanlary Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi tassyklady.

“Adamlar açlyk howpundan gorkýarlar. Häzirlikçe olar çözümi daşary ýurtlara gidip, yzlarynda galan çagalaryny eklemäge synanmakda görýärler. Ýurduň içindäki işsizlik gitdigiçe ulalýar” diýip, golaýda daşary ýurda çykan zähmet migrantlarynyň biri aýtdy.

Mundan öň Azatlygyň habarçylary sowuk howa, gurakçylyk, keselçilik bilen baglylykda daýhanlaryň, işiginde we meýdanda mal saklaýan ýönekeý adamlaryň uly zyýan çekýändigini habar beripdiler. Emma häkimiýetler oba hojalygyndaky ýagdaý, maldarçylykdaky kynçylyklar we olaryň oba adamlarynyň durmuşyna, ýurtdaky azyk üpjünçiligine ýetirýän täsirleri barada hiç bir düşündiriş bermeýär.

Hünärmenleriň köpüsiniň pikirine görä, oba hojalygyndaky ýagdaý diňe halk häkimleri öz arasyndan saýlap bilen ýagdaýynda, häkimlere we ýerden hasyl öndürýän adamlara ygtyýar berlende düzeler, ondan bärde düzelmez, ýolbaşçy çalyşmak, wezipe satmak oýny dowam eder.

“Eger-de ýerli ýolbaşçylara, daýhanlara ygtyýar berilse, olar öz öndüren önümlerini dünýä bahasyndan satyp bilse, Türkmenistan 30 ýyllap dowam edýän azyk aladalaryndan dynar we adamlar baýap başlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary, şol sanda oba hojalygynda emele gelen agyr ýagdaýy boýun almaýar we ähli ugur boýunça yzygiderli ösüş gazanylýandygyny öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda emeli aň oba hojalygy ösdürmäge kömek edýär
Gurban Berdiýewiň ilkinji oýnunyň güni belli boldy
Traktor Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji oýnuny 22-nji awgustda geçirer
Serdar Azmun Gurban Berdiýewiň Traktora bellenmegindäki orny barada gürrüň berdi
Türkmenistan Belarusiýadan we Türkiýeden öz raýatlaryny alyp gaýtmagy meýilleşdirýär, bilim hakynda resminamalary tassyklatmak üçin kabul ediş nokadynyň salgysy üýtgedildi, Türkmenawtoulaglary agentligi IT tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaş gözleýär
Türkmenistanda agyz suwunyň uly ýatagy tapyldy, ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik başlandy, Aşgabatdan Moskwa ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy: geçen günleriň esasy wakalary