Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy

Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy

Kazanyň “Rubin” futbol klubunyň we “Rostowyň” öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubuna ýolbaşçy boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Şeýle-de, 69 ýaşly hünärmen klubuň tehniki müdiri bolar. Berdiýew 4-nji iýulda wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer.

6-njy iýunda Gazagystanyň “Kaýrat” kluby Berdiýew bilen şertnamanyň ýatyrylandygyny habar berdi. Onuň bilen bilelikde klubdan onuň kömekçileri Dmitriý Kiriçenko, Iwan Danilýans, Eduard Kunduhow we Andreý Masýura-da gitdi. Geçen möwsümde “Traktor” Pars aýlagynyň ligasynyň jedwelinde 13-nji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Gurban Berdiýew Traktor bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi
Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer