Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy

Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy

Soçiniň türkmenistanly baş tälimçisi Gurban Berdiýewe topary türgenleşdirmekde kimleriň ýardam etjekdigi mälim edildi. Bu barada sports.ru saýty habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, Gurban Berdiýewiň tälimçiler ştabyndan Dmitriý Hohlow, Dmitriý Kiriçenko we Aleksandr Matsýura orun alar.

Ýeri gelende bellesek, Dmitriý Kiriçenko mundan ozal Eýranyň Traktor, Gazagystanyň Kaýrat we Russiýanyň Rostow toparlarynda hem Gurban Berdiýew bilen bile işleşipdi. Dmitriý Hohlow bolsa şu wagta çenli Rotor, Dinamo we Kuban toparlaryna baş tälimçilik edipdi.

Şeýle-de çeşme Soçiniň ozalky baş tälimçisi Aleksandr Toçiliniň hem toparyň dolandyryş ulamynda galjakdygyny belleýär.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, Gurban Berdiýew Rubin bilen iki gezek Russiýanyň çempiony bolupdy.

Soçi häzirki wagtda 17 oýunda toplanan 25 utuk bilen Russiýanyň premýer-ligasynyň turnir tablisasynda 9-njy ýerde barýar.

Ýene degişli makalalar

“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy
Gurban Berdiýew Traktor bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer