Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi

Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi

Eýranyň Traktor futbol toparynyň türkmenistanly tälimçisi Gurban Berdiýew şu gün ― 25-nji awgustda 70 ýaşyny tegeledi.

1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabatda dünýä inen Gurban Berdiýew 1971 ― 1985-nji ýyllar aralygynda Aşgabadyň Kolhozçy, Don boýundaky Rostowyň SKA, Rostelmaş, Gazagystanyň Kaýrat toparlarynda futbol oýnap, bir gezek Gazagystanyň çempiony boldy.

Tälimçilige 1986-njy ýylda Gazagystanyň Himik toparynda başlan Gurban Berdiýew soňra Gazagystanyň Kaýrat, Kaspi, Türkiýäniň Gençlerbirligi, Aşgabadyň Nisa, Russiýanyň Kristall, Rubin, Rostow toparlarynda tälimçi bolup işledi.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýew Traktor bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer
Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy