Gurban Berdiýew Traktor bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi

Gurban Berdiýew Traktor bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi

Eýran klubunyň resmi web saýtynda bellenilşi ýaly, Traktoryň baş tälimçisi Gurban Berdiýew toparyň ilkinji türgenleşigini geçirdi.

Oýunçylar türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylygynda Eýranyň futbol çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görüp başladylar. Eýran Pro ligasynyň (2022/2023) oýunlary 11-nji awgustda başlaýar.

Berdiýew türgenleşikden öň toparyň öňünde çykyş etdi.

Gurban Berdiýewiň 19-njy iýunda Eýranyň Traktor futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini ýatladýarys.

Türkmen hünärmeni ozal Kaýrata tälim beripdi. Gurban Berdiýew bilen bilelikde Kaýrat Gazagystan çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi we Gazagystan kubogynyň eýesi boldy.

Gurban Berdiýew tälimçilik karýerasynda Rostow we Rubin ýaly toparlar bilen Russiýada şowly çykyş etdi. Tälimçi Kazan kluby bilen bilelikde iki gezek Russiýanyň çempiony boldy, şeýle hem, ýurduň kubogyny we iki gezek Super kubogyny gazandy.

Rostowda bolsa Gurban Berdiýew RPL-iň kümüş medalyna eýe bolmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer