Gurban Berdiýewiň Eýranly kluba ýolbaşçylyk etmegi ähtimal

Gurban Berdiýewiň Eýranly kluba ýolbaşçylyk etmegi ähtimal

Türkmenistanly futbol tälimçisi Gurban Berdiýewiň Eýranyň “Traktor” ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmegi mümkin diýip Eýranyň “Tasnim” habar gullugyna salgylanyň türkmen hökümetiniň tarapdary bolan neşir ýazýar.

Çeşmäniň maglumatyna laýyklykda, eýýäm, klub 69 ýaşly hünärmen bilen ylalaşyga gelipdir. Mundan başga-da, Gurban Berdiýewiň ýygynda gelmeginiň mümkindigi barasynda “Traktoryň” resmi saýtynda hem habar berilýär diýip neşir belleýär.

Tebrizli klubyň habaryna laýyklykda, 14-nji iýunda şertnama gol goýmak barasynda gepleşikler geçirildi.

Mundan öň “Traktorda” baş tälimçi bolan Ertugrul Saglam şertnamasynyň möhletiniň gutarandygy üçin wezipesini terk edipdi.

“Traktor” Eýranyň gündogar Azerbaýjan welaýatynyň merkezi bolan Tebrizde ýerleşýär. Bu klub 1970-nji ýylda Tebrizde traktorlar öndürýän şirketi goldamak üçin döredilipdi. Emma,ol 2011-nji ýyldan aýratyn ýygyndy bolup durýar.“Traktor” iki gezek Eýranyň Kubogyny aldy diýip neşir ýazýar.

Belläp geçsek,iýunyň başlarynda Gurban Berdiýew Gazagystanyň “Gaýrat” futbol topary bilen şertnamasyny taraplaryň özara ylalaşygy boýunça ýatyrdy diýip klubyň internet saýtynda habar berilipdi.

69 ýaşly Gurban Berdiýew russiýanyň “Kristall”, gazagystanyň “Himik” we “Munaýşi”, Türkiýäniň “Gençbirligi”, Türkmenistanyň milli ýygyndysyna we “Nisa” türkmen toparyna ýolbaşçylyk etdi.Berdiýewiň ýolbaşçylygynda “Nisa” 1998-nji ýylda Türkmenistanyň kubogyny gazangypdy, 1998/99 ýyl möwsüminde bolsa,Türkmenistanyň çempiýony bolupdy.The post Gurban Berdiýewiň Eýranly kluba ýolbaşçylyk etmegi ähtimal first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner
Gurban Berdiýewiň ilkinji oýnunyň güni belli boldy
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Traktor Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazandy
Türkmenistanda 1-nji synp okuwçy üçin mekdep harytlarynyň toplumynyň bahasy näçe, Demirgazyk Günorta ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri boýunça wekiliýet Aşgabatdan Astrahan oblastyna ugrar, Türkmenistan BMG-syna parahatçylyk hem-de howpsuzlyk boçun