Gurban Berdiýew “Traktor” toparynda işe başlar

Golaýda Gazagystanyň “Kaýrat” toparyndaky wezipesini taşlan türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew Eýranyň “Traktor” toparynda işe başlar. 69 ýaşyndaky meşhur hünärmen bu klubda tehniki direktor wezipesinde işlär. Ol klubuň sport ugry boýunça ähli düzümiň jogapkäri bolar we şol bir wagtyň özünde-de klubuň akademiýasyna hem gözegçilik eder.

Töwriz şäheriniň topary golaýda tälimçisi, türkiýeli Ertugrul Saglamy wezipesinden boşadypdy. Şu wagta çenli Eýranyň ýokary ligasynda çempionlyk gazanyp bilmedik topara mundan ozal, Žorž Likens, Benžamin Toşak, Mustafa Denizli, Zwonomir Soldo ýaly tälimçiler tälim beripdi.

Topar geçen möwsümi 13-nji orunda tamamlapdy.Topar 2 gezek Eýranyň kubogyny gazandy. 1970-nji ýylda esaslandyrylan klub öz duşuşyklaryny 66 833 tomaşaçy orunlyk “Sahand” stadionynda geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy
Gurban Berdiýew Traktor bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi
Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer