Traktor Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazandy

Traktor Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazandy

Töwriziň Traktor topary futbol boýunça Eýranyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň oýnunda Zob Ahany kabul edip, 1:1 hasabynda deň oýnady.

Duşuşygyň birinji ýarymynyň ortalarynda myhmanlar Sadeg Sadegiň goly bilen hasapda öňe geçdiler. Oýnuň esasy wagtyna goşulan ýedinji minutda Resa Asad tarapyndan urlan gol bolsa, Traktory ýeňlişden halas etdi.

Bu duşuşyk Gurban Berdiýew üçin Traktoryň baş tälimçisi hökmünde ikinji oýun boldy. Bir hepde öň Traktor 1:2 hasabynda Gol Gohardan utulypdy.

Şeýlelikde, Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazanan Traktor iki tapgyrdan soňra futbol boýunça Eýranyň çempionatynda 1 utuk bilen 14-nji ýerde barýar.

Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýew şu ýylyň iýun aýynda eýran toparynyň baş tälimçiligine bellenipdi. Türkmenistanly hünärmeniň mundan ozalky iş ýeri Gazagystanyň Kaýrat topary bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Berdiýew Eýranyň “Traktor” klubunyň baş tälimçisi we tehniki müdiri boldy
Gurban Berdiýew Traktor bilen ilkinji türgenleşigini geçirdi
Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Gurban Berdiýew “Traktor” toparynda işe başlar
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer