Traktor Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji ýeňşini gazandy

Traktor Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji ýeňşini gazandy

Traktor Eýranyň Pro-ligasynyň 5-nji tapgyrynda Şardari Arak toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Töwriz şäheriniň topary türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji ýeňşini gazandy.

Duşuşygyň 2-nji minudynda Mohammad Abbaszade Traktory hasapda öňe çykardy. Duşuşygyň esasy wagtyna goşulan goşmaça minutlarda bolsa Reza Asadi ýeňiji toparyň ýene bir pökgüsini geçirdi.

70 ýaşly türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň Traktorda şu ýylyň iýun aýyndan bäri işläp gelýändigini ýatladýarys. Mundan öň ol Gazagystanyň Kaýratyna tälim beripdi.

Ýene degişli makalalar

Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner
“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Traktor Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazandy