Berdimuhamedow türki ýurtlaryň garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara täsir etmelidigini aýdýar

Berdimuhamedow türki ýurtlaryň garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara täsir etmelidigini aýdýar

11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň sammiti geçdi. Sammitde Türkmenistana Halk Maslahatynyň başlygy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi Berdimuhamedowyň bu mejlise Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça, hormatly myhman hökmünde gatnaşýandygyny habar berdi.

Berdimuhamedow sammitde sözlän sözünde Türki Döwletler Guramasyny “dünýädäki gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, uzakdan görüji we jogapkärli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin, zerur bolan ähli çäreleri görmäge” çagyrdy, ýöne gapma-garşylyklary aýdyňlaşdyrmady.

Şeýle-de, Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda “türki ýurtlaryň ylalaşylan garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara netijeli täsir ýetirmelidigini” aýtdy.

“Deňhukuklylygy, milli özygtyýarlylygy, halklaryň döwlet gurluşynyň nusgasyny saýlap almaga hukugyny ykrar etmelidir” diýip, TDH Berdimuhamedowy sitirleýär.

Şeýle-de, Berdimuhamedow aýdyňlaşdyrmazdan, “Ýewraziýanyň birnäçe sebitlerinde emele gelýän syýasy ýagdaýyň örän oýlanyşykly, anyk we düýpli baha bermegi hem-de degişli çäreleri görmegi” talap edýändigini aýtdy.

Türk metbugatyna görä, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan hem sammitde eden çykyşynda agza ýurtlary umumy howpsuzlyk konseptini işläp düzmäge hem-de kadasyz migrasiýanyň öňüni almakda we dolandyrmakda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga çagyrdy.

Guramanyň Dokuzynjy sammitine Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, şeýle-de, synçy ýurduň wekili hökmünde, Wengriýanyň premýer-ministr Wiktor Orban hem-de guramanyň baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdy.

Döwlet baştutanlarynyň sammitine Türkmenistandan prezident Serdar Berdimuhamedowa derek, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi Sentýabryň ahyrlarynda daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogla salgylanyp, Samarkantda geçirilýän sammitde Türkmenistanyň Gurama doly agza hökmünde kabul ediljekdigini habar berdi. Bu habary Aşgabat tassyklamady.

“Ozal synçy bolan Türkmenistan hem Türki döwletleriň guramasynyň doly hukukly agzasy bolar... Şeýlelik bilen, maşgalamyz doly jem bolar diýip umyt edýäris” diýip, türk metbugaty 29-njy sentýabrda Türkiýäniň daşary syýasat başlygyny sitirledi.

Merkezi Aziýa boýunça synçy Brýus Panniýer 11-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, döwlet baştutanlarynyň sammitine Türkmenistandan uly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyny we Türkmenistanyň gurama agzalygy baradaky habarlary seljerdi.

“Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammite gatnaşmagy, megerem, gaty geň däl. Beýleki liderleriň ählisi onuň bilen has tanyş, ogly bilen deňeşdirilende. Gurbanguly Berdimuhamedow bu gurama bilen Serdar [Berdimuhamedowa] garanyňda, has köp iş salyşdy. Şonuň üçin, bu ýagdaý gaty geň däl. Bu [türkmen] medeniýetiniň hem bir bölegi bolup durýar. Bu atany sylamak, başgaça aýdylanda, ýaşuly döwlet adamyny sylamak...” diýip, Brýus Panniýer aýtdy.

Şeýle-de, Panniýer uly Berdimuhamedowyň sammite diňe bir raýat hökmünde däl, Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde we özbek prezidentiniň myhmany hökmünde gatnaşýandygyny aýtdy.

Bu makala efir üçin taýýarlanylýan mahaly, Türkmenistanyň guramadaky doly hukukly agzalygy heniz tassyklanmandy. Merkezi Aziýa synçy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň doly agzalyk ähtimallygy baradaky habarlary seljerdi:

“Türkmenistanyň doly agzalygy heniz yglan edilmedi, bu gyzykly. Sebäbi, bu çäräniň iň möhüm wakalarynyň biri Türkmenistanyň gurama doly agzalygynyň resmi taýdan yglan edilmegi bolar öýdülýärdi. Munuň heniz hem şeýle bolmagy mümkin, sebäbi entek ýygnak dowam edýär” diýip, Panniýer 11-nji noýabrda günüň birinji ýarymynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Has ozal, 2022-nji ýylyň aprelinde TDG Gurbanguly Berdimuhamedowyň Guramanyň Ýaşulular geňeşine agza bolandygyny habar berdi.

Mundan ozal, Guramanyň 2021-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen sammitinde Türkmenistan gurama synçy agza hökmünde kabul edildi.

Häzirki wagtda Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan TDG-nyň doly agzasy, şeýle-de, Wengriýa we Türkmenistan onuň synçy agzasy bolup durýar. Gurama, ilkibaşda, 2009-njy ýylda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasy (Türk Geňeşi) hökmünde esaslandyryldy. Gurama agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Mewlüt Çawuşogly Antalýanyň Kepez etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjüm barada beýannama berdi
Prezident Erdogan ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjümi ýazgardy
Çawuşogly Germaniýada žurnalistleriň göz tussaglygyna alynmagy barada beýannama berdi