Berdimuhamedow ýene häkimleri täzeläp, Garaşorda balyk ýetişdirmek arzuwyny gaýtalady

Berdimuhamedow ýene häkimleri täzeläp, Garaşorda balyk ýetişdirmek arzuwyny gaýtalady

Türkmen prezidenti ýyl başyndan "işde kemçilik goýberen" häkimleri täzeläp, ýene bir gezek şor suwda balyk ýetişdirmek arzuwlaryny dile getirdi. “Rowaçlygyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2019-njy ýyl kadrlary çalyşmakdan başlandy we ozaly bilen prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow öňküsinden kiçi wezipä daşary işler ministriniň orunbasarlygyndan Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasarlygyna geçirildi. 7-nji ýanwarda, oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýeriň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatdan çen tutulsa, prezidentiň oglunyň daşary syýasatdan oba hojalygyna geçirilmegi tötänlik bolman, döwlet baştutany bu ýyl import we eksport meselesine has çynlakaý garaýana meňzeýär. Şol bir wagtda, azyk ýetmezçiligi hakyndaky habarlary basjak bolýan ýaly, türkmen telewideniýesi hem soňky günler daşary ýurtlara eksport edilýän önümler baradaky habarlaryny ýygjamladýar.

TDH-nyň ýazmagyna görä, iş maslahatynda ilkinji nobatda ak ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, ýerleri we tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.Maslahatyň dowamynda Gurbanmuhammet Annaýew Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine bellendi, bu etrabyň öňki häkimi Annageldi Ýazmyradow geçen ýyl Oba we suw hojalygy ministri wezipesine bellenipdi.

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi Töregylyç Nazarow “işde goýeren kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine Haljan Nurjsanow häkim bellendi.Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasry bolan Batyr Gylyjow Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine bellendi, sebäbi öňki häkim Süleýman Abdyşükürow “işde kemçilik goýberendigi üçin” wezipesinden boşadyldy.

Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary bolan Söhbet Allakulyýew Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyna häkim bellendi, sebäbi bu etrabyň öňki häkimi Aşyr Gurbandurdyýew hem “işde kemçilik goýberdi”. “Işde kemçilik goýberenleriň” ýene biri Mary welaýatynyň Murgap welaýatynyň häkimi Babajan Allanazarow boldy, onuň ýerine Agamyrat Agamyradow häkim bellendi.

Döwlet baştutanynyň bu gezekki häkim täzelemeleri gurak gelen we ýylboýy kadr täzelenen 2018-nji ýylyň yz ýanyna gabat geldi.Aýdaly, geçen ýylyň dekabrynda senagat boýunça wise-premýer, senagat ministri, dokma senagaty ministri täzelendi. Ýöne Türkmenistan ondan öňki ýyl hem kadrlary az täzelemedi, 2017-nji ýylda nebit-gaz toplumyna jogap berýän wise-premýer Ýagşygeldi Kakaýew, oba hojalyk toplumyna jogap berýän wise-premýer Rejep Bazarow wezipelerinden boşadyldy.

Ondan öň, 2016-ny ýylda Ahal welaýatynda geçirilen göçme mejlisde, "ýollar we köprüler üçin”, bir topar ýolbaşçy täzelendi.Dünýäde ýangyç nyrhlary aşaklap, Orsýet, Eýran ýaly gaz alyjylaryny ýitirenden soň prezident Berdimuhamedow oba hojalygyndaky problemalary, hususan-da hasyllylygyň pesdigini, ýeriň we suwuň netijeli ulanylyp bilinmeýändigini tassyklap, importy azaldyp, eksport önümleri köpeltmegi yzygiderli talap etdi.

Bu talabyň çäginde Berdimuhamedow on ýyldan gowrak alyp baran oba hojalyk syýasatynyň işlemeýändigini gytaklaýyn boýun aldy we täze reformalary teklip etdi.Täze teklip edilen reformalaryň çäginde ýeri telekeçilere uzak möhletli bermek, döwletiň satyn alyş nyrhlaryny artdyrmak, ýeňillikli karzlary bermek ýaly wadalar berilýär.

Hünärmenler ýurtda onlarça ýyl dowam eden pagta monopoliýasy, ýere we suwa bolan eýeçiliksiz çemeleşme zerarly, ýerleriň arryklandygyny, üstesine, Garagum kanalynyň, suw howdanlarynyň hem uzak ýyllar idegsiz galandygyny öňe sürýärler.

Emma muňa garamazdan, maslahatda bu problemalar agzalmady.Olara derek, adatça bolşy ýaly, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ähmiýeti nygtaldy.Bu taslama ýurduň suwarymly ýerlerinde ýokary galan zeý suwlaryny akdyryp, Garaşor çöketligine toplamagy maksat edinýär. “Häzirki wagtda bu ýerde 580 million kub metre golaý suw toplandy” diýip, TDH ýazýar.

Türkmen prezidentiniň sözlerine görä, bu taslama “türkmen döwletiniň ekologiýa syýasatynyň we suw diplomatiýasynyň möhüm ugry” bolup durýar.Emma ýerli synçylaryň köpüsi, şol Azatlyk bilen gürleşýän hünärmenler ýurtda ýykgynçylykly synaglaryň we suwuň suwuň bisarpa ulanylmagynyň öňi alynmasa, ne azyk bolçulygynyň, ne-de ekologiýa howpsuzlygynyň boljagyny duýdurýarlar.

Ýene degişli makalalar

Prezident “işde goýberen kemçilikleri üçin” bir topar häkimi işden boşatdy
Balyk kyssasynyň gussasy; Aşgabat D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň 'öňüni alýar'
03.11.2017 | Türkmen-täjik gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy
20.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşdy
20.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Durnukly ösüş üçin suw” ýokary derejeli halkara maslahatynda eden çykyşy
Prezident Berdimuhamedow “Altyn asyr” kölüniň boýunda şäherçeleri gurmagy tabşyrdy