TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine bagyşlanan mejlisinde “türkmen ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi” hakynda gürrüň berdi.
Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, jemi içerki önümiň ösüşi 6,2%, önümçiligiň ösüşi 4,4%, haryt dolanyşygy 19,7% boldy. Adatça bolşy ýaly, döwlet habar gullugy doly sanlary bermeýär. Emma prezident bu çykyşynyň yz ýanyndan birnäçe käýinç berdi, şol sanda ykdysadyýete jogap berýän wise-premýerlere we minstrlere hem berk käýinç yglan etdi.
Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradowa wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi. Prezident ýurdy senagatlaşdyrmak, ykdysadyýete giň maýa goýumlarynyň çekilmegini üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek, bäsleşige ukyply ykdysadyýeti emele getirmek ugrunda çäre görülmegini talap etdi.
Senagata gözegçilik edýän wise-premýer Kerim Durdymyradowa hem wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç yglan edildi.
Senagat ministri Hoşgeldi Mergenowa hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserninde ýüze çykarylan korrupsiýa faktlary bilen baglylykda hem käýinçler yglan edildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy.
Prezident ministriň täze iş orunlaryny döretmek boýunça alyp baran işlerinden hem nägile boldy.Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň ÝOJ-laryna diňe 10 müň abuturiýent girýär, şol bir wagtda bu ýyl mekdebi 85 müň okuwçy tamamlady. “Bu uçurymlaryň daşary ýurtlara bilim almaga gitmegine alyp gelýär.
Olaryň başga bir bölegi milli goşunda gulluk edýär” diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirleýär.
“Uçurymlaryň sanyny köpeltmek we iş orunlarynyň möçberlerini artdyrmak zerur” diýip, türkmen lideri dowam etdi we orta mekdebi ýa ýokary okuw jaýyny tamamlanyndan soň, harby gullukdan soňra bir ýaş adamyň hem işsiz galmaly däl” diýip, döwlet baştutany nygtady.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Döwran Orazmyradowa hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi. Döwlet baştutany ministrden raýatlary ýokary hilli harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmegi , şeýle-de ýerli harytlaryň eksport edilýän möçberini artdyrmagy talap etdi.
Aragatnaşyk ministri Baýramgeldi Öwezowa wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi.
Döwlet baştutany ýurduň Aragatnaşyk ministrliginiň işinden çynlaýkaý nägilelik bildirdi diýip, döwlet habar gullugy başga anyk zat aýtmazdan habar berdi.
