Berdimuhamedow ÝOJ-laryň rektorlaryna ýurtdaky durmuşy gowulandyrmak üçin programma taýýarlamagy buýurdy

Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy oktýabrda ÝOJ-laryň ählisiniň rektorlaryny Ministrler kabinetiniň mejlisine çagyryp, olara ýurtdaky durmuşy gowulandyrmak boýunça programma taýýarlamagy tabşyrdy.

TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet baştutany AST pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe we Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa ýüzlenip, ÝOJ-yň alymlarynyň we mugallymlarynyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek boýunça netijeli tekliplerini taýýarlamak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýerlerde haýsy ugra degişli hassahananyň gurulmagy, şeýle hem arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça degişli gulluklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin çäreleri görmek barada

Wise-premýer Pürli Agamyradowa we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory A.Orazalyýewa regionlarda haýsy ugra degişli hassahananyň gurulmalydygy baradaky meseleleri öwrenmek, arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça degişli gulluklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak tabşyryldy.

Wise-premýer Goçmyrat Myradowa hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory S.Ataýewa bazar gatnaşyklarynyň esasy görnüşlerini öwrenmek tabşyryldy.

Wise-premýer Mämmethan Çakyýewe hem-de Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektory N.Kulyýewe ýüzlenip, prezident ýurduň ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegi, awtomobil we demir ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanowa şähergurluşyk-binagärlik ulgamynyň ösdürilmegi boýunça teklip taýýarlamak taýýarlamak täbşyryldy.

Şeýle-de prezidentiň gol çeken kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň wekilleri hünärmenleri taýýarlamagyň iň netijeli usullary bilen tanyşmak üçin Rumyniýa ugradylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Gruziýanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary täzelendi
Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdebiniň rektory çalyşdy
Berdimuhamedow rektorlara “durmuşyň hilini gowulandyrmak” boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy
19.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynyň öňünde anyk wezipeler goýdy