Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary täzelendi

Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary täzelendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde D.Myradowy, başga işe geçmegi sebäpli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy. Bu ýokary okuw mekdebiniň rektory wezipesine Allaberdi Gapurow bellenilip, ol Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesine Döwlet Ýolow bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. Bular barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdebiniň rektory çalyşdy
Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Gruziýanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy
Türkmenistanyň Prezidentine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy