Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy. Mejlisiň Başlygynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow üçin saýlawçylaryň 100 göterimi ses berdi.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Hökümet mejlisiniň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada giňişleýin habar berdi.

Ses bermeleriň netijelerine laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine pugta laýyklykda geçirilendigi tassyklanyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça jemi 48 adam — her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam saýlanyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň umumy sanynyň 27 göterimini zenanlar düzýär.

Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmegi ýurdumyzyň yzygiderli ösüşi hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder.

Ýene degişli makalalar

Nýu-Ýork şäheriniň täze meri saýlandy
Parižde Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi
Çiliniň täze Prezidenti saýlandy
Sagçy dalaşgär Kast Çiliniň täze prezidenti boldy
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Möhletinden öň ses bermek hukugy — saýlawlaryň demokratik ýörelgesi