Parižde Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi

25-nji noýabrda Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi. Çäräde Türkmenistanуň BIE-niň ýanyndaky wekili, Ilçi M. Çaryýew gatnaşdy.

Assambleýanyň mejlisinde resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy.Hususan-da: Administratiwbýujet komitetiniň, ýerine ýetiriji komitetiň, düzgünkomitetiniň, maglumat we aragatnaşyk komitetiniň hasabatlary, şeýle hem 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisiniň we 2025-nji ýylda Milan şäherinde geçirilen Triennaleniň jemleýji hasabatlary diňlenildi.

Mundan başga-da, 2027-nji ýylda Belgrad we Ýokohama şäherlerinde geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere taýýarlyk boýunça hasabatlar hödürlendi.

Saýlawlaryň dowamynda Türkmenistan BIE-niň Administratiwbýujet komitetiniň agzalygyna 20262027-nji ýyllar boýunça iki ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu BIE agza döwletleriniň Türkmenistan bolan ynamynyň tassyklanylýandygyny we ýurdumyzy guramanyň çägindäki institusional derejesiniň üstüni ýetirýändigini görkezýär.

Sessiýanyň çäginde Türkmenistanyň Ilçisiniň BIE-niň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen iş duşuşygy geçirildi. Baş sekretar Türkmenistany Administratiwbýujet komitetine gaýtadan saýlanylmagy bilen mähirli gutlap, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň BIE bilen hyzmatdaşlyga berýän ünsüne minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanyň guramanyň işindäki işjeň gatnaşygyny aýratyn belledi.

Osakada geçirilen EXPO-2025 Sergisinde Türkmenistanyň Milli Pawilýonynyň üstünlikli işi aýratyn nygtaldy. Pawilýon sergä gelen myhmanlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi we ýurdumyzyň medeni, syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçiliklerini giňden görkezmek üçin möhüm meýdançalardan birine öwrüldi.

Türkmenistan geljekde hem BIE bilen ykdysady, medeni, innowasion hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara sergi hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşar.

Ýene degişli makalalar

“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi
Türkmenistan HSB-niň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzalygyna gaýtadan saýlanyldy
9-njy oktýabrda EKSPO 2023 Doha halkara sergisinde Türkmenistanyň milli güni geçiriler
Türkmenistan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistan Pariždäki Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasyna gatnaşdy