9-njy oktýabrda EKSPO 2023 Doha halkara sergisinde Türkmenistanyň milli güni geçiriler

9-njy oktýabrda EKSPO  2023 Doha halkara sergisinde Türkmenistanyň milli güni geçiriler

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitriý Kerkentzesi kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, Halkara sergiler býurosynyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle-de ol halkara giňişlikde sergileri guramakda Türkmenistanyň ýokary derejä ýetendigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny şu ýylyň 2-nji oktýabrynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde bu guramanyň goldaw bermeginde geçirilýän EKSPO 2023 Doha halkara sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara gözden geçirilişde türkmen döwletiniň sergi bölümi guraldy we 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününi geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EKSPO 2025 Bütindünýä forumyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, döredilen guramaçylyk toparynyň bu ugurda degişli işleri alyp barýandygyny aýtdy.

Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitriý Kerkentzes, öz gezeginde, Doha şäherinde geçirilýän halkara sergide ýaýbaňlandyrylan türkmen bölümi bilen tanşandygyny we onuň özünde uly täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Myhman bilelikdäki çäreleriň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanyň dünýäniň sergiler giňişligine geljekde-de işjeň goşulyşmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, geljekde Türkmenistanda halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşe gönükdirilen sergileri geçirmegiň şertlerine garamagyň maksat edinilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Türkmenistan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy
“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi
PRESS RELEASE: Seventh Project Steering Committee Meeting EU Education Project
Series of Lectures on Global growth, December 2019
Ýurdumyzda öndürilýän önümler halkara bazarda eýeleýän ornuny berkidýär