“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi

14-16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen “EXPO 2025” Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary Işii Taku, Ýaponiýanyň “EXPO 2025” Bütindünýä sergisi boýunça Assosiasiýasynyň baş sekretary Işige Hiroýuki, şeýle hem öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi resmi taýdan bölünip berildi. “EXPO 2025” serginiň Guramaçylyk komiteti degişli resminamany türkmen tarapyna ýerli we daşary ýurtly habarçylaryň gatnaşmagynda gowşurdy.

Ýene degişli makalalar

Parižde Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi
Türkmenistan HSB-niň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzalygyna gaýtadan saýlanyldy
Çykdajylaryň artmagyna garaşylýar
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli forum geçiriler, Türkmenistan we Eýran Aşgabatda işewürlik maslahatyny geçirdiler, Türkmenistan EXPO 2025-iň çäginde ilkinji bolup baýdak dikdi we beýleki habarlar
Türkmen ilçisi Tokioda agzaçar sadakasyna gatnaşdy
Türkmenistan GDA ýurtlarynyň Hemişelik wekiller geňeşiniň mejlisine gatnaşdy