Türkmenistan HSB-niň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzalygyna gaýtadan saýlanyldy

Türkmenistan HSB-niň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzalygyna gaýtadan saýlanyldy

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Pariž şäherinde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş Assambleýasynyň 177-nji mejlisinde Türkmenistan 20262027-nji ýyllaryň dowamynda HSB-niň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzalygyna gaýtadan saýlanyldy.

Çärede türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Assambleýanyň dowamynda komitetleriň esasy hasabatlary tassyklanyldy hem-de Osaka şäherinde geçirilen EXPO-2025 we “Triennale Milano” sergireliň netijeleri boýunça hasabatlara seredildi. Şeýle hem 2027-nji ýylda Belgrad we Ýokohama şäherlerinde geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere görülýän taýýarlyk boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň çäklerinde türkmen ilçisi HSB-niň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen duşuşyk geçirdi. Baş sekretar Türkmenistany komitetiň agzalygyna gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady we ýurduň guramanyň işine işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Duşuşykda şeýle hem EXPO-2025-de Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň giňden gyzyklanma döredendigi, ýurduň medeni, syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçiliklerini halkara derejesinde tanatmak üçin möhüm meýdança öwrülendigi nygtaldy.

Diplomat, Türkmenistan HSB bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmäge, medeniýet, ykdysadyýet, innowasiýa we ynsanperwer ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga taýýardygyny belledi.

HSB - dünýäniň döwletlerinde halkara sergileri guramak we geçirmek boýunça jogapkär hökümetara guramadyr.

Ýene degişli makalalar

Parižde Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi
“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi
Çykdajylaryň artmagyna garaşylýar
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli forum geçiriler, Türkmenistan we Eýran Aşgabatda işewürlik maslahatyny geçirdiler, Türkmenistan EXPO 2025-iň çäginde ilkinji bolup baýdak dikdi we beýleki habarlar
Türkmen ilçisi Tokioda agzaçar sadakasyna gatnaşdy
Türkmenistan GDA ýurtlarynyň Hemişelik wekiller geňeşiniň mejlisine gatnaşdy