Çykdajylaryň artmagyna garaşylýar

Osakada geçiriljek “EXPO-2025” halkara sergisiniň guramaçylary gurluşygyň bahasy baradaky çaklamalaryny has-da artdyrdylar. NHK teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, meýilnama täzeden gözden geçirilenden soň, assosiasiýa umumy çykdajylaryň 1,57 milliard dollara ýetmegine garaşýar.

Bu 2020-nji ýyldaky hasaplar bilen deňeşdirilende, 335 million dollar we ilkibaşdaky meýilnamadan 1,8 esse köpdür. Ilkibaşda gurluşyk üçin çykdajylar häzirki walýuta hümmeti boýunça, takmynan, 840 million dollara barabardy.

Guramaçylar çykdajylaryň köpelmegini materiallaryň we zähmetiň bahalarynyň ýokary bolmagy, şeýle-de gurluşyk işlerini akgynly alyp barmak üçin goşmaça çykdajylar bilen baglanyşdyrýar. Bu çykdajylary deň paý bilen merkezi hökümet, prefekturanyň we Osaka şäheriniň häkimiýetleri, şeýle-de biznes toparlary öz üstüne almaly bolar. Hökümet çykdajylaryň täze smetasyndan ugur alyp, 525 million dollar möçberde çykdajylary öz üstüne almakçy.

“Expo 2025” sergisi barada

Ozal habar berşimiz ýaly Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda “World Expo 2025” sergisi geçiriler. Osaka aýlagynda ýerleşýän emeli gurlan Ýumesima adasy serginiň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy. Bu ýer INTEX Osaka sergi toplumynyň golaýynda ýerleşýär. Ýapon tarapy, 2020-nji ýylda guralan Halkara sergileri býurosynyň maslahatynda çäräniň jikme-jik meýilnamasyny hödürläpdi.

“Ýagty durmuş üçin geljekki jemgyýeti döretmek” “Expo 2025”-iň esasy şygarydyr. Deslapky maglumatlara görä, sergi, takmynan, 28 million adamy özüne çekip, Osakanyň ykdysadyýetine 18 milliard dollar töweregi girdeji getirer. Sergi 170-den gowrak ýurduň gatnaşýan iň uly halkara sergisidir. Olar bäş ýyldan bir gezek ylymda, tehnologiýada, binagärlikde we sungatda öz gazananlaryny görkezýärler.

Osaka 1970-nji ýylda “Expo” sergisini geçiripdi. Şonda bu çäre, Olimpiýa oýunlaryndan alty ýyl soň, ýurduň ykdysady ösüşiniň saýasynda Tokioda ýokary tizlikli ýollaryň, “şinkansen” aşa ýokary tizlikli otlularyň we beýleki tehnologik ösüşler ýüze çykanda geçirilipdi. Şol döwürde Osakada sergi üçin niýetlenen giň seýilgäh guruldy.

Bu ýerde “Gün diňi” diýlip atlandyrylýan 70 metrlik heýkel dikeldilip, sergi guralanda oňa 64 million adam baryp görüpdi.

Bütindünýä sergileriniň däbi XIX asyryň ortalaryna uzaýar: ilkinji “Expo” sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirilip, Pariž şeýle sergileriň altysyny özünde kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi Tokioda agzaçar sadakasyna gatnaşdy
“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi
EXPO-2025 Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär
Aşgabatda EXPO-2025 sergisine taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen BAE bardy, Turkish Airlines Aşgabada iki ýolagçy gatnawyny gurar, Türkmenistan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrdy
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli forum geçiriler, Türkmenistan we Eýran Aşgabatda işewürlik maslahatyny geçirdiler, Türkmenistan EXPO 2025-iň çäginde ilkinji bolup baýdak dikdi we beýleki habarlar