Berdimuhamedow ýurtda COVID-19-a garşy ýene bir sanjymy bellige almagy tabşyrdy

Berdimuhamedow ýurtda COVID-19-a garşy ýene bir sanjymy bellige almagy tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Russiýa Federasiýasynda üstünde işlenilýän “EpiWakKorona” diýen täze sanjymyny, şeýle hem beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň derman serişdelerini we sanjymlaryny Türkmenistanda bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýlelikde, EpiWakKorona Türkmenistanda koronowirus pandemiýasyna garşy bellige alnan sanjym bolar.

Ýakynda ministrlik Russiýada öndürilen Sputnik V sanjymyny bellige alyp, degişli şahadatnamany beripdi.

Hökümet mejlisinde birki gün paýtagtdaky Olimpiýa şäherjiginde ýurtda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ýaryşlara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşlygyň barşynda milletiň Lideri bu ýaryşlara daşary ýurtlardan geljek wekilleriň islenä sanjymyny alyp bilmek mümkinçiliginiň bolmalydygyny aýtdy. Şu maksat bilen Türkmenistanda koronowirus bilen bagly başga-da birnäçe sanjymyň bellige alynmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Owganystan Türkmenistan bilen özara söwdany giňeltmek isleýär
Taryhda bu hepde 19-njy awgust
Sputnik V Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy
Sputnik V waksinasynyň ulanylyş möhleti ýarym ýyldan bir ýyla çenli uzaldyldy
Putin: Russiýa bilen Päkistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitiň howpsuzlygyny ýokarlandyrar
Türkmenistan we Özbegistan özara ulag gatnawlaryny ýeňilleşdirýär
Garabag sebitinde ýaragly dartgynlygyň täze tapgyrynyň başlamagyna Russiýa alada bildirdi