Owganystan Türkmenistan bilen özara söwdany giňeltmek isleýär

Owganystan Türkmenistan bilen özara söwdany giňeltmek isleýär

Owganystanyň maliýe ministrligi Türkmenistan bilen özara söwda alyş-çalşyny giňeltmek üçin degişli çäreleriň üstünde işleýär. Bu barada Sputnik Owganystan habar berdi.

Bellenilişi ýaly, özara söwdany giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, türkmen wekili bilen Owganystanyň maliýe ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýakyn wagtda iki ýurduň salgyt gulluklarynyň wekiliýetleriniň duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Owganystan bilen Türkmenistanyň degişli düzümleriniň arasyndaky gepleşikleriň esasy maksady ikitaraplaýyn salgytlary aradan aýyrmaga, söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge we iki ýurduň arasynda maýa goýumlaryny artdyrmaga gönükdirilendir. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl 481 million amerikan dollara deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Sputnik V Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy
Sputnik V waksinasynyň ulanylyş möhleti ýarym ýyldan bir ýyla çenli uzaldyldy
Putin: Russiýa bilen Päkistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitiň howpsuzlygyny ýokarlandyrar
Türkmenistan we Özbegistan özara ulag gatnawlaryny ýeňilleşdirýär
Garabag sebitinde ýaragly dartgynlygyň täze tapgyrynyň başlamagyna Russiýa alada bildirdi
Aşgabadyň günortasynda sähra ýangyny boldy. Olary söndürmäge harbylary ýolladylar, ýüzlerçe hyzmat işgärleri ýangynyň yzlaryny ýapdylar